6-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlarynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň wideomaslahat görnüşinde geçirilen nobatdaky mejlisine gatnaşdy.
Duşuşygyň gün tertibine GDA-nyň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlyk, şol sanda Arkalaşygyň döwletlerinde hem-de tutuş dünýäde emele gelen epidemiologiýa ýagdaýy nazara alnyp, ykdysady ulgamdahyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri girizildi.
Mejlisde Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlyga, hususan-da, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Arkalaşygyň Ykdysady ösüş strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, köptaraplaýyn ulag gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugry boýunça durnukly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ilerledilmegine aýratyn üns berildi.