milli goshun logo
GDA ýurtlary bilen gatnaşyklar hemmetaraplaýyn ösdürilýär
GDA ýurtlary bilen gatnaşyklar hemmetaraplaýyn ösdürilýär
02.04.2019 906 Habarlar

1-nji aprelda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisini geçirmek hakyndaky», «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisini, guramaçylykly geçirmek hakyndaky», «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumyny geçirmek hakyndaky» resminamalara gol çekip, olary sanly elektron dolanyşyk ulgamy arkaly wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysy R.Meredowa iberdi.

Hormatly Prezidentimiz GDA-nyň degişli edaralarynyň we düzümleriniň netijeli işlemegini üpjün etmek üçin zerur bolan işleri geçirmegiň möhümdigini belläp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.