milli goshun logo
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
02.09.2019 1327 Habarlar

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri! 

Mähriban talyplar, eziz okuwçylar!

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň jemgyýetçilik durmuşynda uly orun tutýan ajaýyp baýram — Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2019 — 2020-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Ylym we bilim biziň ýolumyzdyr. Bu ýol bilen biz beýik geljegimizi gurýarys. Şoňa görä-de, berkarar döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, eziz halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin mähriban okuwçylarymyzyň hem-de talyp ýaşlarymyzyň durmuşynyň iň eziz we süýji pursatlary bolan bilim alýan döwründe Watany söýmek, agzybirlik, dost-doganlyk, jebislik ýaly ajaýyp häsiýetleri, tutanýerliligi we erjelligi bilen üznüksiz okamagy, täze bilimleri özleşdirmegi, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan oňat baş çykarmagy zerurdyr.

Gadymy döwürlerden gözbaş alýan ajaýyp milli ýörelgelerimizi giňden dabaralandyrmak, okamak, öwrenmek, zähmet çekmek, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny äleme ýaýmak mähriban ýaşlarymyzyň esasy maksady bolmalydyr. Watançylyk, ynsanperwerlik, mertlik ýaly beýik häsiýetler, ilkinji nobatda, durmuşa gadam basýan nesillerimiz üçin geçmişi, şu güni we bagtyýar geljegimizi özünde jemleýän nusgawy mekdepdir.

Eziz watandaşlar!

Geljegimiz bolan ýaşlara döwrümiziň barha ösýän talaplaryna laýyk bilim-terbiýe bermek, dürli hünärleri öwretmek, ylma we döredijilige ugrukdyrmak, merdana ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhuny, ynsanperwerlige ýugrulan durmuş ýörelgelerini, zähmet endiklerini, asylly milli däplerini mynasyp dowam etdirmek biziň alyp barýan ähli özgertmelerimiziň esasyny düzýär. Şoňa görä-de, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetimiziň öňe gitmeginiň, döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň binýady hökmünde bilim ulgamyny ýokary hilli we hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmelerimizi, ägirt uly maksatnamalaýyn işlerimizi depginli dowam etdirýäris.

Kabul eden döwlet we milli maksatnamalarymyzda kesgitlän wezipelerimize, ykdysadyýetimiziň ösüş aýratynlyklaryna laýyklykda biz durmuş ulgamyna degişli desgalar bilen bir hatarda orta bilim berýän mekdepleri, çagalar baglaryny yzygiderli gurýarys. Ösen aň-düşünjeli, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, döredijilik ukyply, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, işine ussat hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, täze ýokary okuw mekdeplerini döredýäris, bilim-terbiýeçilik edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkidýäris.

Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzda bilim bermegiň ähli basgançaklary ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün edilýär, sanly serişdeler giňden peýdalanylyp, bilimiň mazmuny has-da baýlaşdyrylýar. On iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, şeýle hem daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýylda hem güneşli Diýarymyzyň obadyr şäherlerinde täze orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy bilim ulgamynda uly üstünlikleriň gazanylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Hormatly mugallymlar, bilim işgärleri!

Ylmyň we tehnologiýanyň häzirki ösýän döwründe bilim özgertmelerini çaltlandyrmak hem-de onuň netijeliligini ýokarlandyrmak, öňdebaryjy ýaşlaryň hatarynda ylym-bilim babatda mynasyp orun aljak nesli terbiýelemek mugallymlaryň we bilim işgärleriniň möhüm wezipesi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, mugallymçylyk işinde ruhy gymmatlyklara, milli däp-dessurlara, innowasion we maglumat tehnologiýalaryna, dünýäniň ösen döwletleriniň öňdebaryjy tejribelerine daýanylyp, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn hem-de okuw-usulyýet binýadyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak ugrunda hem toplumlaýyn işler dowam etdirilmelidir.

Siziň bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirjekdigiňize, bilim ulgamynyň işini döwrebap ösdürjekdigiňize, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda netijeli işleri alyp barjakdygyňyza berk ynanýaryn.

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri! 

Mähriban talyplar, eziz okuwçylar!

Sizi Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2019 — 2020-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde hem-de okuwyňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW