Hormatly Watan goragçylary!
Sizi
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ilkinji günlerinde bellenilýän Watan
goragçylarynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu baýram eziz
Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini,
konstitusion gurluşyny, Döwlet serhedimiziň mizemezligini goraýan, ýurdumyzyň
howpsuzlygyny, jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy hem-de hukuk
tertibini üpjün edýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryna we
işgärlerine bildirilýän uly ynamy, belent sarpany hem-de olar hakynda edilýän
çuňňur aladany giňden dabaralandyrýar.
Garaşsyz Türkmenistanyň merdana gerçekleri!
Berkarar
döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzda deňsiz-taýsyz üstünlikler
gazanyldy we giň gerimli özgertmeler amala aşyryldy. Ýurdumyzyň döwletlilik
binýadynyň berkemegine, ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň
ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna gönükdirilen
bimöçber işler durmuşa geçirildi. Şeýle tutumly işleri dabaralandyrmak,
ýurdumyzyň oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyny giňden wagyz etmek hem-de
dünýä ýaýmak, ýaş nesli watançylyk we beýik zamanamyza buýsanç ruhunda
terbiýelemek maksady bilen, 2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip
atlandyryldy. Bu şygarda mähriban halkymyzyň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän
il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tagallalara, durmuş-ykdysady,
medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda ýetilýän belent sepgitlere,
bagtyýar zamanamyza we rowaçlyklarymyza bolan çäksiz buýsanjy jemlenendir.
Merdana Watan goragçylary!
Türkmenistanyň
Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen dabaraly harby
ýöriş milli goşunymyzyň goranmak ukybynyň we söweşjeň kuwwatynyň ýokarydygyny
ýene-de bir gezek dünýä äşgär etdi. Siz geljekde-de Watany goramak borjuny ähli
zatdan belent saýyp, harby ylmyň we sungatyň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda
toplanan tejribesini yzygiderli özleşdirmelisiňiz, watansöýüjiligiňiz, harby
kasama we harby borja wepalylygyňyz hem-de ak ýürekliligiňiz bilen uly
at-abraýa, belent mertebä mynasyp bolmalysyňyz.
Eziz Watanymyzyň edermen ogullary!
Dünýäniň
iň howpsuz ýurtlarynyň biri hasaplanýan eziz Watanymyzyň harby howpsuzlygyny we
çäkleriniň bitewüligini üpjün etmegiň harby-syýasy, harby-ykdysady we harby-strategik
esaslaryny kesgitleýän hem-de döwletimiziň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty
bilen ugurdaş bolan Harby doktrinamyzyň ýörelgelerini, maksatlaryny gyşarnyksyz
berjaý etmek siziň her biriňiz üçin belent borç bolmalydyr. Watanymyzyň
mukaddes Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, konstitusion
gurluşyny, asyrlardan gözbaş alýan milli gymmatlyklarymyzy goramagy hem-de
jemgyýetimizde hukuk tertibini pugtalandyrmagy, kanunçylygy has-da berkitmegi
hemişe baş maksat hasaplamalysyňyz. Geçmişde öçmejek yz galdyran parasatly
pederlerimiziň mertlik mekdebini we harby sungatyny mynasyp dowam
etdirmelisiňiz. Döwrebap harby tehnikalara we enjamlara erk etmek başarnygyny
birkemsiz ele alyp, ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine saldamly goşant goşmalysyňyz,
ata-babalarymyzyň adalatlylyk, parasatlylyk, sabyrlylyk, mertlik, edermenlik,
watansöýüjilik ýaly belent häsiýetlerini hemişe hemra edinmelisiňiz.
Siziň
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, dünýä bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar
edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, milli gymmatlyklarymyzy goramak,
jemgyýetde asudalygy we agzybirligi üpjün etmek ýaly belent hem-de jogapkärli
borçlara wepaly boljakdygyňyza, gerek bolsa, bu mukaddeslikler üçin şirin
janyňyzy hem gaýgyrmajakdygyňyza berk ynanýaryn.
Watanymyzyň wepaly ogullary!
Mukaddes
Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan üç aý soň döredilen Türkmenistanyň Ýaragly
Güýçlerine «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda 30 ýyl dolýar. Milli goşunymyz
kämil söweşjeň ýaraglar, harby tehnikalar, sanly ulgamyň mümkinçilikleri bilen
yzygiderli üpjün edilýär, döwrebap ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanmaga berilýär.
2021-nji
ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-deňiz güýçleriniň
hem-de Döwlet serhet gullugynyň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyp
ulanmaga berilmegi ýurt goragçylaryna goýulýan sarpany has-da belende göterdi.
Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da
döwrebaplaşdyrmak, Watan goragçylarynyň gulluk etmegi we dynç almagy üçin
häzirki zaman şertlerini döretmek «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem
döwlet syýasatynyň we amala aşyrýan harby özgertmelerimiziň ileri tutulýan
ugurlarynyň biri bolmagynda galar.
Hormatly Watan goragçylary!
Sizi
Watan goragçylarynyň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt, abadan we bagtyýar
durmuş, mukaddes we jogapkärli gullugyňyzda hem-de işiňizde uly üstünlikleri we
rowaçlyklary arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Gurbanguly Berdimuhamedow.