milli goshun logo
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärlerine we ähli halkyna
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärlerine we ähli halkyna
02.11.2020 602 Habarlar

Eziz watandaşlar!

Hormatly bank ulgamynyň işgärleri!

Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ykdysady ösüşleriniň we üstünlikleriniň nyşany bolan Türkmenistanyň milli pul birliginiň — manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 27 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döretdi.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda hem ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm ulgamy bolan bank ulgamy çalt depginler bilen ösýän ulgamlaryň birine öwrüldi. Häzirki döwürde bank ulgamynyň ygtybarlylygyny has-da ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler döwlet syýasatymyzda möhüm orny eýeleýär. Sanly maliýe tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, töwekgelçilikleri we maýalary dolandyrmagyň netijeli ulgamyny ýokarlandyrmagyň, korporatiw dolandyrmak ulgamyny ösdürmegiň hem-de işewürlik ýagdaýlaryny kämilleşdirmegiň, bankyň girdejisini we düşewüntliligini artdyrmagyň esasynda durnukly ösüşi üpjün etmek geljek üçin möhüm wezipeleriň biridir.

Bank ulgamynyň durnukly işlemegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygynyň, depginli ösüşiniň üpjün edilmegi hem-de dünýä ykdysady giňişligine amatly goşulyşmagy üçin möhümdir. Häzirki döwürde bank işiniň netijeli we ygtybarly bolmagyna gönükdirilen uzak möhletleýin işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, milli manadymyzyň hümmetini mundan beýläk-de durnukly saklamak, bank hyzmatlarynyň gerimini has-da giňeltmek, hil taýdan halkara derejelere çykarmak, dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullaryny, innowasion tehnologiýalaryny bank işine giňden ornaşdyrmak bank ulgamynyň esasy wezipeleri bolup durýar.

Hormatly bank ulgamynyň işgärleri!

Häzirki döwürde ýurdumyzda bank işini kadalaşdyrýan kanunçylyk namalaryny halkara ölçeglere laýyk getirmek boýunça işler dowam etdirilýär. Döwrüň talaplaryna laýyklykda, bank hyzmatlary hem ösýär. Hasaplaşyklaryň tizligini, serişdeleriň dolanyşygyny çaltlandyrmak maksady bilen bank ulgamynda elektron tölegler ulgamynyň gerimi giňelýär. Ilatyň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Bank ulgamynyň işgärleriniň hünär derejeleri yzygiderli ýokarlandyrylýar.

Biz ýurdumyzyň pul-karz syýasatyny yzygiderli kämilleşdirmäge, milli ykdysadyýetimiziň önümçilik maksatly ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilýän karz serişdeleriniň möçberini artdyrmaga, kiçi önümçilikleri höweslendirmäge, ilat üçin karz-maliýe serişdeleriniň möçberlerini köpeltmäge, karz göterimleriniň mundan beýläk-de elýeterli bolmagyny gazanmaga, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, halkara maliýe guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, iň täze innowasion, döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga aýratyn üns bereris.

Eziz watandaşlar!

Hormatly bank ulgamynyň işgärleri!

Sizi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň milli pul birligi bolan manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 27 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş, berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.