Özüniň
bäşmüňýyllyk taryhynda ýetmiş döwlet, şol sanda iri imperiýalary guran türkmenler
öz çagalaryny ir döwürlerden başlap, durmuşa uýgunlaşdyrmak üçin halkyň
terbiýeçilik tejribesine giren oýunlary we sport maşklaryny ulanypdyrlar. Bu
oýunlaryň aýry-aýry görnüşleri wagtyň geçmegi bilen däp-dessurlaryň bir bölegine
öwrülip, awa gitmezden öň ýa-da söweşe başlamazdan öň ýerine ýetirilipdir. Munuň özi adamy öňde boljak waka beden
we ruhy taýdan taýýarlapdyr. Şonuň üçin çaga oýunlary diňe güýmenje bolmak
bilen çäklenmän, eýsem, durmuşyň özboluşly sapaklary, ösüp gelýän nesli durmuşa
taýýarlamagy maksat edinen mekdep bolup hyzmat edipdir. Şeýle sapaklar
çagalygyň ir döwründe başlanypdyr. Bu oýunlaryň köpüsiniň sportuň häzirki
görnüşleri bilen örän meňzeşdigini bellemek gerek. Mysal üçin, «çilik-hekgal»
oýny häzir tutuş dünýäde meşhur bolan golf oýnuny «çilik» – otuň üstündäki
hokkeýi we beýleki oýunlary ýadyňa salýar. Gadymy döwürde olar çagalara taýaga
erk etmegi öwredipdir, çünki taýak başarnykly ellerde ýaraga öwrülipdir.
...Türkmenleriň halk oýunlaryna, şol
sanda «çilik» oýnunyň döränine birnäçe müň ýyllar bolandygyna garamazdan,
golfyň resmi taýdan dörän ýerini ol barada ilkinji gezek ýazuw görnüşdäki ýatlamalar
arkaly hasaplamak kabul edilendir. Günbatar taryhçylary golfyň mekanynyň
Şotlandiýadygyny çak edýärler. Bu ýurduň parlamenti 15-nji ýüzýyllykda çykaran
namasy bilen bu döwletiň raýatlarynyň harby işi öwrenmegiň deregine, köplenç
ellerine taýak alyp ylgamak bilen meşgullanýandyklary üçin bu oýny gadagan
edipdir. Taryhy taýdan geň ýagdaý: sportuň täze görnüşiniň resmi taýdan
döremegi gözbaşyny onuň gadagan edilen gününden alyp gaýdýar.
Adalatyň hatyrasyna bu senä garşy çykýanlaryň
hem bardygyny belläp geçmek gerek. Mysal üçin, gollandiýalylar golfyň öz
ýurtlarynda 1297-nji ýylda dörändigi baradaky maglumatlara eýediklerini
tassyklaýarlar.
Hytaýly taryhçylar has-da aňyrky
senäni agzaýarlar. Olar Şotlandiýada golfyň gadagan edilmegine çenli 500 ýyl öň
Hytaýda «çuýwan» diýen oýny oýnapdyrlar. Onuň düzgünleri golfyň düzgünlerine
örän ýakyn.
Islendik ýagdaýda-da boýun almak
gerek: sportuň bu görnüşiniň nusgasy gadymyýetde ençeme ýurtlarda, şol sanda
türkmenlerde-de bolupdyr. Ata-babalarymyzyň bu oýunlary nesilden-nesle aýawly
geçirip, dünýä siwilizasiýasynyň genji-hazynasyny baýlaşdyran beýik medeni
mirasymyzyň bölegi hökmünde olary häzirki günlerimize çenli hem saklandyklarynyň
özi hem bahasyna ýetip bolmajak ajaýyplykdyr.
«Milli goşun».