12-nji martda ýurdumyzda möhüm
jemgyýetçilik-syýasy çäre – Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary türkmen
jemgyýetinde demokratik ýörelgeleriň dabaralanýandygyny, ilatyň raýatlyk düşünjeliliginiň
ýokary derejededigini aýdyň görkezdi. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň
düzüminde gulluk edip, ata Watanymyzyň asudalygyny üpjün edýän milli
goşunymyzyň gerçekleri hem saýlawlara agzybirlikde uly höwes bilen gatnaşdylar.
Açyklyk, aýanlyk, deňhukuklylyk, giň bäsdeşlik
ýaly demokratik esaslarda geçirilen saýlawlarda saýlawçylaryň agramly böleginiň
– 72,97 göteriminiň ses bermegi netijesinde hormatly Serdar Gurbangulyýewiç
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlandy.
Halkymyzyň mizemez ynamy bilen
saýlanan döwlet Baştutanymyz hormatly Serdar Berdimuhamedowyň Gahryman
Arkadagymyzyň beýik işlerini dowam etdirip, ýurdumyzy bedew batly ösüşlere
beslejekdigine pugta ynanýarys. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, adamlaryň
ynamy mukaddesdir. Nesip bolsa, il-günüň uly ynamyny gazanan hormatly Serdar
Berdimuhamedowyň baştutanlygynda eziz Watanymyz has-da pajarlap ösýän mekana
öwrüler.
Türkmenistanyň hormatly Prezidenti,
ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Gurbangulyýewiç
Berdimuhamedowy tüýs ýürekden gyzgyn gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, ýurdumyzyň
berkararlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine geljekde amal etjek beýik
başlangyçlarynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde
goýlan beýik maksatlara ýetmek ugrunda alyp barjak işlerinde uly üstünlikleri
arzuw edýäris.
Biz – ýurt goragçylary mukaddes borjy
hemişe Watana wepadarlyk, harby kasama ygrarlylyk bilen ýerine
ýetirjekdigimize, mähriban halkymyza, eziz Watanymyza, Türkmenistanyň saýlanan
Prezidentine ak ýürekden wepaly gulluk etjekdigimize tüýs ýürekden
ynandyrýarys.
«Milli goşun».