Russiýa Federasiýasynda «Aziýanyň çagalary — 2019»
birinji gyşky halkara oýunlary dowam edýär. Şu gün «Kristal» sport köşgünde figuralaýyn
typmak boýunça ýekelikde erkin maksatnama boýunça ýaryşlar geçirildi.
Bu oýunlara Türkmenistandan iki türgeniň — Larisa
Wahitowanyň we Aýna Ekäýewanyň gatnaşýandygyny ýatladýarys.
Bu bäsleşikleriň barşynda A.Ekäýewa erkin çykyşda
59.57 utuk toplap, jemleýji görkezijide aralyk ikinji orny eýeleýär.
Larisa Wahitowa bije boýunça üçünji topara düşüp,
33 türgeniň arasynda on ikinji bolup, buzly meýdança çykdy.
Biziň ildeşimiz çylşyrymly tilsimleri göwnejaý
berjaý edip hem-de hiç hili ýalňyşlyk goýbermän, figuralaýyn typmakda ýekelikde
çykyş edýän 12 türgen çykyş edenden soňra, ikinji orny eýeledi. Iki çykyşyň
jemleri boýunça L.Wahitowa 90.46 utuk toplady we bu netije bilen şol pursatda diňe
Gonkongdan gelen türgenden yza galdy.
Bäsleşikler tamamlanandan soňra, L.Wahitowanyň
tälimçisi metbugat merkezinde bu türgeniň çykyşynyň sport ussatlygyna
dalaşgäriň derejesinde taýýarlanylandygyny hem-de figuralaýyn typmagyň dürli 11
tilsimini öz içine alýandygyny aýtdy. Ähli çykyşlaryň «arassa» ýerine
ýetirilmegi ýokary baha mynasyp bolmaga esas döretdi. Türkmenistandan gelen
figuralaýyn typýan türgen ilkinji gezek halkara ýaryşynda üç öwrümli böküşi,
iki öwrümli aksel tilsimini, iki gezek hem kaskad tilsimini we beýlekileri
ýalňyşsyz ýerine ýetirdi.
— Ilkibaşda bu ýerdäki şertlere uýgunlaşyp, her
günde iki gezek türgenleşmeli, aýazlara öwrenişmeli boldy. Bu ýerde hödürlenýän
ýokumly iýmitler hem türgenlerimize oňyn täsirini ýetirdi diýip — tälimçi gürrüň
berýär.
Ýaryşlaryň iki gününiň jemleri boýunça biziň
türgenlerimiz üstünlikli çykyş etdiler, bu bolsa Türkmenistanda sportuň bu
görnüşiniň giňden ösýändigini aňladýar.
16-njy fewralda «Spartak» stadionynda «Aziýanyň çagalary — 2019» birinji gyşky halkara oýunlarynyň ýapylyş dabarasy bolar.