Esgeriň
üstünligi – milli goşunymyzyň üstünligi. Muňa harby gullugyny birkemsiz berjaý
edýän Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» žurnalynyň çagyryş
boýunça harby gullukçysy, kiçi seržant Guwanç Mämiýewiň ýurdumyzda golaýlap
gelýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet
gününiň öňüsyrasynda gazanan ýeňşi hem mysaldyr.
Kiçi
seržant Mämiýew «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistanyň Suratkeşler
birleşigi tarapyndan yglan edilen «Halkyň Arkadagly zamanasy sungat
nazaryýetinde» atly ýurdumyzyň sungaty öwrenijileriniň arasynda yglan edilen
döredijilik bäsleşiginde 3-nji orna mynasyp bolup, Hormat haty we sowgatlar
bilen sylaglandy. Ýurt boýunça geçirilen bäsleşikde abraýly orna mynasyp bolan
esger ýoldaşymyzy gazanan döredijilik üstünligi bilen gutlap, oňa mundan beýläk
hem şowlulyklary arzuwlaýarys. Ýeňiji ýigidimiz: «Watana bolan söýgi ylham
bagyşlaýar, döredijilik üstünliklere atarýar. Şahyryň aýdyşy ýaly, ýüregimizde
şu Watanyň ady bar. Watanymyzy we onuň sungatyny wasp etmekde yhlasymyzy
gaýgyrmaryn. Harby gullukda zehin-ukybyňy açyp görkezmäge uly mümkinçilikleri
döredip berýän hormatly Belent Serkerdebaşymyza alkyşlarymyz tükeniksizdir» diýip, ýürek joşgunyny beýan
edýär.
«Milli goşun».