Salam, esger jigim! Watan öňündäki gulluk borjuňy sag aman ýerine ýetirip ýöreniňe begenjimiziň çägi ýok. Ejem ikimiz her gün seniň abraý bilen Watan öňündäki gulluk borjuňy ýerine ýetirip, sag-aman mähriban ojagymyza dolanyp geleriňe sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Bilýäňmi näme, jigim?! Her gezek öýmüzde saçak ýazanymyzda gapydan sen ýylgyryp giräýjek ýaly, bir salym garaşyp oturýarys. Seniň gideniňe ýarym ýyldan gowrak wagtyň geçendigine garamazdan, bu biziň üçin endige öwrülip galypdyr.
Men häli-şindi senli ýatlamalara gark bolýaryn. Şol pursat howlymyzdaky çagalymyzdan galan sallançaga baryp oturýaryn-da, sallançagy iteläp, bat bilen üwreýän kiçijek jigimiň bu gün Watan goragynda mukaddes harby borjuny ýerine ýetirip ýörendigine diýseň guwanýaryn. Arada senden gelen haty, onuň ýanyndan çykan suraty görüp şeýle bir begenipdim. Az salym geçendigine garamazdan, sen üýtgän ýalydyň. Gözleriňde dogum uçgunlary lowurdasa, eginleriň giňäpdir. Sen gerçek ýigit çykypsyň. Ozalky çagasow häsiýetiňem merdemlik bilen ornuny çalyşana meňzeýär. Men ol suraty owadan daş bilen daşlatdym-da, öýümiziň töründen asyp goýdum welin, öýümiz gelşigne gelen ýaly bolaýdy.
Bu gün käbäm Watan goragyna ýaramly ogul ýetişdireni üçin özüni juda bagtly saýýar. Ol watançy, ilhalar kakamjanyň ojagynyň oduny ömürlik ýakjak ýalňyz ogluna, dowamatyna guwanýar. Jigim, saňa diňe biz däl, tutuş obamyz guwanýar. Ejem her gün seniň ugradan — öýümiziň diwaryndan asylgy duran suratyňy sypalap, seniň hal-ahwalyňy soraýar, ol barmak büküp her gün geljek günüňi sanaýar. Gör, sen nähili bagtly jigim! Özüňe şeýle garaşylmagyň özi bagt dälmi, eýsem?! Käbäm seniň çagalar bagyna gatnaýan wagtlaryňy, birinji synpa gidişiňi, okuwdan boş wagtlaryň türgenleşikde bolup, ýurt derejesinde geçirilen ýaryşlaryň ýeňijisi bolan pursatlaryňy, daşary ýurt dillerinde aýdym aýdyşyňy, baýramçylyk günleri ugurtapyjylygyň bilen kiçijek sowgatlardyr hormat hatlar getirip, mähribanlaryňy begendirşiňi ýatlap, gözlerine dolan guwanç gözýaşlaryny elleri bilen syrýar. «Esger oglum, Watançy oglum, mert oglum» diýip, seniň Watan goragyndalygyňa çäksiz buýsanýar. Okyjylaryň iň bir söýgüli gazeti bolan «Esger» gazetinde çapdan çykýan goşgularyňy uly höwes bilen okaýar.
Arada goňşularymyzyň biri toý etdi. Şonda käbäm ýene-de bir ýyl gowrak wagtdan seniň dolanyp geljekdiňi bilse-de, intizar gözlerini ýollara dikip garaşdy. Häli-şindem «Şu toýda Pälwan janam bolsady...» diýdi ýördi. Biziň göwnümize sen bir ýerlerden gelip, toýuň şatlygyna şatlyk goşaýjak ýalydyň. Ojagymyzyň eýesi – mähriban esger jigim, körpe balasyny küýseýän ejemiň seni göresi gelen mahaly, men alysdadygyma garamazdan, käbämiň mähre suwsan kalbyna aram bermek üçin ganat kakyp ýanyna barýaryn. Seniň ýokluguňy bildirmejek bolup, näçe jan etsemem, ejem jan her näçe ýylgyryp, açylsa-da onuň kalbyndaky saňa bolan küýsegi gözlerinde mese-mälim görnüp durýar. Esger jigim, seniň göwün beren gyzyňa sataşan pursatym onuň ejap bilen ýylgyrmagy, sen hakynda sorasy gelýän zatlary sorap bilmän kynlyk bilen saklanyşyny görüp, meniň nähili guwanýandygymy bir bilsediň!
Nesip bolsa, sanlyja wagtlardan Watan öňündäki mukaddes harby borjuňy ýerine ýetirip gelersiň. Biz bolsa öýümiziň daýanjynyň, ojagymyzyň odunyň dolanmagy mynasybetli toý tutarys. Biz saňa uly umyt, çäksiz arzuw bilen garaşýarys. Hoş wagtyň, esger jigim Pälwan.
Salam bilen, doganyň Aýtäç.
Mahym Begliýewa,
Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň
Merkezi edarasynyň okuw bölüminiň işgäri.