Esger ädiminiň jadysy barada çuň pikir etmedik hem bolsak, olaryň ýeri sandyradaýjak bolýan batyrgaý ädimlerinden habarlydyrys. Bu makalany ýazmagyma hem halypam bilen bolan duşuşygym sebäp boldy diýsem, ýalňyşmaryn. Günlerde bir gün teatrdan gelýärkäm, halypama gabat geldim. Ýoluň ugry bolmagyna garamazdan, 5-10 minut ondan-mundan gümür-ýamyr etdik. Onýança-da 20-30 sany esger ädimleri bilen şäheri ýaňlandyryp, duşumyzdan geçip gitdi. Ara bir salym dymyşlyk aralaşdy. Çünki ol ädimler her bir adamda üýtgeşik bir täsir galdyrýar. Şonda halypam meni barlamak üçinmi ýa-da pikirimi bilmek üçinmi, bilemok, ýöne menden bir geň sorag sorady.
Halypam: «Şägirt diýýän-ä, şu esgerleriň ädimlerine ser salanyňda, ilki bilen näme göz öňüňe gelýär?» diýdi.
Menem bu duýdansyz berlen soraga allaniçigsi bolup durşuma, birden «Belent ritm» diýip dillenenimi duýman galypdyryn.
Halypam: «Jogabyňy has aýdyňlaşdyryp, delillendirip bilermiň?» diýip sorady.
Men: «Hawa!» diýip, şu aşakdaky setirleri halypama aýdyp berdim.
Gerçekleriň beýik ritmdäki ädimleri diňe bir özlerinde däl, eýsem daş-töweregindäki adamlarda hem Watana bolan belent söýgini dessine oýarýar. Haçan-da olaryň hemmesi ädimlerini ädimlerine goşup, zarply ritm bilen harby ýörişe giden mahallarynda, eýýäm esgerleriň ruhy halatlary ýönekeý ýagdaýyndan çykyp, aýratyn bir ýagdaýa, ýagny duýgy tarapdan göterilen halata girýär. Olar ýönekeý ädimleri bilen ýöräp barýan mahallarynda, hatda keseden syn edip oturan adamlaryň hem ünsüni onçakly özüne çekip bilmeýär. Emma zarply ritm astynda ädip, marşa giden mahalynda bolsa, keseden tomaşa edip duran adamlaryň hem ruhy göterilýär. Esgeriň ritmli ädimleri ony gowşaklykdan mertlige sary alyp gidip, gowşaklykdan saplap, esgere täze bir ýaşaýyş, joşgun bagyş edýär. Şol belent ritmli ädimler adam ruhuny maýyl ediji, ünsi çekiji häsiýetdäki serişde. Esgerleriň harby ýörişinde watançylyk, wepadarlyk mazmuny duýmak bolýar. Olaryň diňe bir ädimleri däl, ýürekleri hem Watan diýip şeýle belent ritmde urýar. Emma şoňa derek çagalaryň ýa-da toparlaýyn adamlaryň ädimlerini ädimlerine goşup ýöriş etseler-de, olaryň ädimleriniň ritmi esgerleriňkiden öte pes geler.
Birden gelen bu pikire özüm haýran galdym. Beren jogabyma kanagatlanan bor-a çemeli. Halypam umuman pikirimiň oňatdygyny aýdyp, meň berekellamy ýetirdi.
Çaryguly Hanjaýew,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby.