milli goshun logo
Eksport geleşikleriniň arasynda nebithimiýa we tekstil önümleri öňdeligi eýeleýär
Eksport geleşikleriniň arasynda nebithimiýa we tekstil önümleri öňdeligi eýeleýär
28.12.2021 662 Habarlar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 68-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt pulyna Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň, Türkiýäniň, Gruziýanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen ýangyç mazudyny, ýol nebit bitumyny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň göni arassalanan benzinini we “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen ECO 93 awtobenzini satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekillerine boýalan tüýjümek önümler, float list aýna ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 90 million 363 müň dollaryndan gowrak boldy.

Beýik Britaniýanyň, Şweýsariýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Owganystanyň täjirleri jemi bahasy 152 müň manatlykdan gowrak bolan el halylaryny satyn aldylar.