Geçen
hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda
geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.
Daşary
ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gonkongyň we beýleki ýurtlaryň
işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda
öndürilen awtobenzini, uçar kerosinini, arassalanmadyk parafini, owganystanly
telekeçiler bolsa, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen
suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.
Mundan
başga-da, BAE-niň we Gyrgyzystanyň işewür toparynyň wekillerine tekiz boýalan
we žakkard tüýjümek önümleri, nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy
ABŞ-nyň 7 million 897 müň dollaryndan gowrak boldy.
Nah
ýüplük we haly önümleri Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň,
Gazagyztanyň telekeçileriniň geleşikleriniň esasy bölegini düzdi. Geleşikleriň
jemi bahasy 31 million 947 müň manatlykdan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň
işewürleri içerki bazar üçin bahasy ABŞ-nyň 164 müň 275 dollaryna deň bolan
portlandsementi, şeýle hem jemi bahasy 13 million 321 müň manatlykdan gowrak «Türkmenhimiýa»
döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni we el
halylaryny satyn aldylar.