Geçen
hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda
geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.
Daşary
ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Şweýsariýanyň telekeçileri
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen az
kükürtli ýangyç mazudyny, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň degişli kärhanasynda öndürilen EKO-93
kysymly awtobenzinini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 52
million 60 müň dollaryna deň boldy.
Ýurdumyzyň
telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 53 million 790 müň manatlykdan gowrak
bolan ýokary dykyzlykdaky polietileni hem-de el halylaryny satyn aldylar.