milli goshun logo
Egri gylyç we türkmeniň merdana ruhy
Egri gylyç we türkmeniň merdana ruhy
14.05.2017 2912 Harby Taryh

Watanperwerlik duýgusy türkmeniň ganyna guýlandyr. Aslynda türkmen halky söweş sungatyna gaty ezber saýylýar. Çünki, biziň halkymyzyň taryhy mundan bäş müň ýyl töweregi çuňluga uzap gidýär. Şol döwürlerde hem türkmenleriň birnäçe döwletleri gurandygyna we gurmaga gatnaşandygyna taryhyň özi şaýat. Döwlet döretmek, döwletiňi goramak, halk hökmünde ýitip gitmezlik üçin halkyň örän güýçli söweş sungaty bolmaly. Biziň nobatdaky gürrüňimiz hem halkymyzyň gadymy söweş sungatyna dahylly bolar.

Egri gylyç eglen başy kesmändir

Agyr-agyr söweşler iki çaganyň jenjeli ýaly däl. Oňa iki tarapyň goşunbaşylary, hökümdarlary, gör, näçe wagtlap taýýarlyk görýärler. Biri-biriniň söweş ýagdaýlaryny, adam sanyny, harby tilsimlerini başardygyna görä gizlinlik bilen öwrenýärler. Diňe şondan soň uruş heňleri ýaňlanýar. Sanlyja wagt geçeninden soň bolsa, haýsydyr bir tarapyň Tugy buýsanç bilen pasyrdar. Söweşde diňe söweşjeň esgerleri, başarjaň serkerdeleri, ýaraglary üpjün bolan tarapyň döwi rüstem geler. Türkmen halkynyň şanly taryhy bize şol aýratynlyklarymyzyň bolandygyny tekrarlaýar. Çünki, ýeňişler diňe ezbere ýardyr. Dünýä halklarynyň arasynda gaýduwsyz gerçekleri bilen ýyndam bedewleriniň ruhubirligini meşhur eden halkyň uruşlarda ezberlik bilen erk eden ýaraglarynyň islendigi dogrusynda hem gürrüň edeniňde degýändir. Biziň bu gürrüňimiz bolsa türkmeniň egri gylyjy barasynda bolar.

Dünýäde halk kän. Her bir halkyň özüçe üns beren kämillik ýoly bar. Üns berseňiz, günbatar döwletleriniň gylyjy gönüdir. Agyrdyr, ikýüzlüdir we ujy uçlakdyr. Şeýle gylyjy bolan halk söweşlerde şol gylyjy işletmek, ulanmak sungatyna ezberleşmeli bolýarlar. Sebäbi, ol önuň başyny gorajak hem duşmanyny öldürjek ýaragy. Onuň ýeňşi hat-da ýaşamaly ömri şoňa bagly. Gylyçlaryň ýene bir görnüşi şpaga ol – üç, dört, kähalatlarda alty gyraňly, uzyndan inçe, yrgyldap duran sünçmäge hem-de gyltyz kesmäge niýetlenendir. Ol ýarag aýratyn çalasynlygy talap edýär.

Türkmen halkynyň gylyjy welin, egri. Halk arasynda oňa düýrme gylyç hem diýilýär. Bu gylyç sapyndan başlap, ujuna çenli ýuwaşjadan egrelip giden görnüşlidir. Onuň diňe ýüzi kesmäge ukyply. Halk arasyndaky aýtgylara görä: «Egri gylyç eglen başy kesmändir». Diýmek esasy gürrüň gylyçda däl-de, gylyjy herekete getirýän gollary dolandyrýan aňda. Halk dili bilen aýtsaň ýürekde.

Indi ýokardy sypatlandyrylan gylyçlarymyz bilen biziň egri gylyjymyzyň söweşmekdäki aýratynlygy nämedekä? Beýle aýratynlyklar hökman bolmaly. Agyr hem göni gylyjy işletmäge-de bitgin göwre gerek.

Türkmeniň egri gylyjy beýle agyr däldir. Ony daýaw esgerleriňem, çaklaňrak göwresi bolan islendik urşujynyň hem işletmäge mümkinçiligi bar. Göni gylyç bilen garşydaşyňy çapmak üçin edil odun çapýan ýaly güýçli urgy gerek. Egri gylyçda welin, esasan, çalasynlyk zerur bolupdyr. Hatda batly gelýän garşydaşyň öňünden çalasynlyk bilen sowlup, gylyjyňy onuň synasyna galtaşar ýaly golaýlatmagam onuň ömür tanapyny kesmek üçin ýeterlik bolupdyr.

Türkmeniň egri gylyjyny gaçyp barýarkaň yzyňa öwrülip, kowup gelýäniň garnyna dürtmek üçin peýdalanyp bolmaýar. Çünki onuň ujy egrelip dur. Indi egri gylyjyň artykmaçlyklary barada birki agyz. Ençeme söweşleri başdan geçiren halkymyzyň dünýäni aňk eden serkerdeleri bolupdyr. Şol serkerdeleriň ulanan, ýetmezini ýetiren, öz döwrüne görä kämilleşdiren gylyjy türkmeniň düýrme gylyjydyr. Ilki bilen onuň esasy aýratynlygy türkmeniň ady äleme meşhur bedewleri bilen baglydygyny bellemeli. Eserlerimiziň gahrymanlarynyň bir özüniň – «Ýüňi ýeten goç ýigidiň» altmyş-ýetmişe taý gelibermegi gaty bir lap hem däldir. Çünki, uly tizlik bilen barýan bedewiň badyna, öz hereketiňi hem garşydaşyň herekedini ölçerip öwrenseň, golaý gelen wagtyňda gylyjy duşmana çalaja galtaşdyrsaň, ýyndam bedewiň badyna kesgir düýrme gylyjyň özi galan işi bitiripdir. Söweş tälimleri hem ýarag aýratynlygyňa görä geçilýär – diýip, başda belläpdik. Egri gylyjyň daş ýüzüniň tyglandyrylmagy onuň hereketde wagty çalt kesmek mümkinçiliklerini güýçlendirýär. Üns berseňiz, uly mal soýýan gassaplaryň pyçaklary hem egridir. Göni pyçak bir ýa iki mal soýmaga bolýar. Köp mal soýýanlaryň bolsa eli ýadamazlygy üçin pyçaklary egri bolsa amatlydyr. Sözümiz gury bolmaz ýaly aňyrsynda taryhy hakykat ýatan bir rowaýaty mysal getirmek ýerlikli bolsa gerek. Bu rowaýatyň gürrüňi häzirki Köneürgenç etrabynyň çäginde bolup geçipdir.

Ýetginjegiň egri gylyja erki – «Ýasawulbaşyly» tymsaly berdi

Suwarymly ýerden sähel arasy açygrak obalaryň birine niredendir bir ýerden bir topar atly duýdansyz goşun çekip gelýärmişin. Duýdansyz gelen ýagynyň hanynyň adyllygyna juda bir at dakarlyk hem däl diýýär. Ynha, onuň şerti: goşunynyň öz batyr urşujysy bar. Obadan başa-baş söweşmek isleýänler bar bolsa, onuň bilen iki tarapyň şaýatlygynda söweşmeli. Eger duşman tarapyň atlysy, söweşijisi ýeňilse, onda olar uruşsyz-zatsyz yzyna gitmäge boýun. Emma obanyň urşujysy ýeňilse welin, onda ol atlylaryň aýdan zadyny bermeli. Eger närazy bolsaňyzam, onda söweş şaýyny tutuberiň.

Bu şertler, elbetde, iki goşunyň arasynda yglan edilende hiç neneň däl. Emma öz gününe kaýyl, söweş tälimleri bilen yzygider meşgullanyp ýörmedik, ilat sany az oba üçin welin, ol sypmasy kyn duzak. Agyr obany gyrgyna bermejek bolup, özüne göwni ýetýän ýigitleriň birnäçesi gyrlanmyş. Üstesine-de ýeňiji hökmünde şert boýunça salyp bilen salgydynam salýarlar. Oba ilaty bolsa dara-direde uly hana habar ýollap ýetişenok. Onsoňam, haçana çenli beýdip jan saklajak. Ynha, bir gün ýene-de ýaňky atlylar obanyň golaýynda goş basyp, şo-ol öňki şertlerini yglan edýärler. Oba ýaşululary ýene-de çykgynsyz güne düşýärler. Gelen ýagynyň urşujysy şo-ol ady belli, öňem telim gezek söweşilip görlen pälwan. Ezberligine-de söz ýok. Garşysyna çykarar ýaly pälwanam ýok. Hana-da habar iberseň, haçan barjak. Oba bolup, urşa taýynlyk görseňem, olar san taýyndan artyk, ýarag taýyndanam güýçli diýip, halys «Kelebiň ujy ýitdi» hasap edilen wagtynda, bir wagt wepat bolup giden oba batyrynyň 13-14 ýaşlaryndaky ogly ulularyň gürrüňine goşulanmyşyn. «Eger rugsat berseňiz, men bir synanyp görsem!» Muňa ýaşulularyň birbada gahary geljek bolupdyr. Emma oglan şol bir diýenini tutup duranmyşyn. «Eger pylan seýisiň atyny berseňiz, atamyň egri gylyjyny berseňiz, şu işiň hötdesinden gelýän men» diýip, sözünden dänerli däl diýýä? Onsoň maslahat edipdirler. Belli karara gelnipdir. Oglana rugsat bermeli. Bagta töwekgel. Oglanyň talabyna görä, duşman hanynyň goşunbaşysynyň üstüne ilçi iberip, oba ilatynyň şertini oňa mälim etmeli. Şert şeýle: Siziň teklibiňiz kabul edilýär. Ondan ötri oba ilatynyň hem öz şerti bar. Eger siziň pälwanyňyz ezber çyksa, oba siziň şertiňize görä salgyt tölär. Eger biziň pälwanymyz ýeňäýse, onda siz gaýdyp şu oba gelmezlige boýun bolsaňyz, söweşe başlamaga alamat beriň. Basym ýagy tarapdan razylygyň alamaty galgapdyr.

Söweşe başlamaga ejaza berilýär. Atlylar biri-birine tarap ýüzin salyp gaýdýarlar. Iki urşujynyňam gylyçly eli howada. Diňe orta çäkde atlaryň biri-birine golaýlaşmagyna garaşylýar. Iki tarapam dykgat bile synlap dur.

Olar barha ýakynlaşýar. Atlar häs golaýa gelen-de, oglan garşydaşynyň üstaşyry seredip, «Haýt, Oraz! Çap-da şu wagt ýeňsesinden» diýip, gygyryp goýberipdir. «Häk, aldawa düşdüm öýdýän, ýeňsämdenem ýetdiler gerek» diýip, yzyna gaňrylanam şol, atlar egin deňläpdir, oglanyň çalasynlyk bilen işleden egri gylyjy ýyndam bedewiň badyna garşydaşynyň kellesini gerdeninden aýrypdyr. Oba ilaty uludan bir demini alypdyr. Olja tamasy bilen gelenleriň egni sallanypdyr. Ýöne şert şert bolýar. Öň ençeme gezek öz şertleri bitirilensoň, olaram yzlaryna gaýdanmyşyn. Basym bu habar uly hana baryp ýetipdir. Ol oglany ýanyna çagyryp, «Tüweleme, sen-ä uly iş bitiripsiň, han ogul. Näme isle-giň bolsa aýt, oba ilatyny halas edeniň üçin men seniň islegiňi bitirjegime söz berýärin» diýenmişin. Oglanyň şerti nagt bolupdyr. «Han aga, obamyz iki dertden azar çekýärdi. Birisi başymyzdan musallat bolup inen şol ýagydy. Beýlekisem suwsuzlyk derdi. Siz sözüňizde tapylyp, meniň islegimi bitirjek bolsaňyz, obamyza suw eltip berseňiz» diýenmişin. Bu teklibe han uzak wagtlap böwrüni diňläpdir. Soňundanam: «Söz diýeniň söz bolar, han ogul!» diýenmişin. Öz sözünde tapylmak üçinem ýörite ýasawullaryny goýup, oba suw barar ýaly ýap gazdyrypdyr. Ýasawullaryň başda durmagynda gazylan bu ýaby ilat heniz-henizlerem «Ýasawulbaşy» diýip atlandyrýar.

Rowaýat bize kän zatlar barasynda gürrüň berýar. Şol sanda gylyjy paýhas bilen, çalasynlyk bilen işledip bilse, ony ýaş ýetginjek ýaşlylaryňam söweş şertlerinde ulanmak mümkinçiliginiň bardygyndan hem habar berýär. Diňe şol egri gylyjy nirelerde nähili peýdalananyňda garşydaşyňy ýeňip boljakdygy barada sapagyň türgenleşigiň ýygy-ýygydan geçirilmegi zerur bolupdyr. Gorkut atanyň «Gara polat uz gylyja daýanmasaň duşman dönmez» diýen sözi islendik türkmen üçin ýörelge bolupdyr.

Daýangyn egri gylyja

Eger gylyç gaçýanyň däl-de, kowýanyň gylyjy. Türkmen serkerdeleri öz urşujylaryna ilki bilen-ä watansöýüjiligi, soňam çalasynlygy öwredipdirler. Çalasyn ýigitleriň gursagyny garadangaýtmazlyk hyjuwy bilen doldurylyp, olar yza öwrülmek hakynda pikir hem etmez ýaly terbiýelenipdir. Gylyçlary hem şol maksat bilen ýasalypdyr. Yzyňa öwrülip gaçaýanyňda, ýetip gelýäni öwrülip dürtmäge oňaýsyz ýasalan gylyç gaçmak niýetine münene ölüm howpuny ýatladyp durupdyr.Türkmenler Watan üçin söweşlerde «Ölen şehit, öldüren kazy» diýlen jümläni ýörelge edinip urşa giripdirler. Uruş gutarandan soň eger wepat bolan urşujy ýeňsesinden ýaralanan bolsa, onda ony şehit hökmünde hasap etmändirler. Çünki öň ol esgere gaçmagyň, yza öwrülmegiň ölüme barabardygy öwredilipdir. Ynha, egri gylyjyň aýratyn alamaty şunda bolupdyr.

Ähli zat ussat serkerdeler tarapyndan telim gezek ölçelipdir. Gylyç ulanmak mümkin bolmadyk golaý aralykdaky söweşlerde duşmany sançmak üçin her bir türkmen söweşijisiniň bilinde pyçagy – ak saplysy bolupdyr.

Diýmek, egri gylyç biziň ata-babalarymyzyň söweşlere uly diýmän, kiçi diýmän köpçülik bolup gatnaşmagyna şert döredipdir. Tutuşlygy bilen söweşjeň ruhda ýaşan halkyň bolsa hemişe diýen ýaly ýeňişler ýarany bolupdyr. Halkyň köpçülikleýin watançy häsiýetlidigini bolsa Gökdepe galasynyň pajygaly söweşi ýene bir gezek subut edipdir. Barysy Watan üçin janyndan geçmäge taýýar. Gara batyryň egri gylyjyny gynyndan çykaryp: «Alla beren amanadyny şu gün alsa-da alar, almasa-da» diýip, ýeke özüniň agyr goşuna tarap at salmagy duşman goşunlarynyň injigini sandyradypdyr.

Egri gylyçly ykbal

Aslynda, türkmen ussalaryň gylyjy islendik günler ýasamandyr. Gylyjyň ýörite ýasalýan belli-belli günleri bolupdyr. Mysal üçin, kämil gylyç ýasamak üçin ümürli gün amatly hasaplanypdyr. Çyplaň atyň üstünde taýýar bolup oturan ýeňiljek çapuksuwar atoglanyň eline gyzgyn körükden köz bolup çykan gylyjy tutdurypdyrlar. Olam atyna gamçyny çalyp, ýüzin salyp gidipdir çapdyryp. Körükden çykan gyzgyn gylyjy çapyp barýan atyň tizliginde gylyja jazyrdap degýän ümüriň çygy bilen suwlapdyrlar. Taýýar bolan gylyjyň üstüne ýekeje saç taryny ýa-da goýun gylynyň taryny goýup, üstünden ýeňiljek üflenende kesip bilmedik gylyjy kämil ýarag hasaplamandyrlar. Çünki, onuň ýitiligi kämilligiň esasy ähmiýetli alamatlarynyň biri bolupdyr. Galyberse-de, söweş pursatlarynda ol näçe gezek galkana degmeli, näçe gezek garşydaşyň gylyjy na degmeli, ony kim bilýär! Ýöne bir zady welin, ähli türkmen bilipdir. Göterýän gylyçlary şeýle pursatlardan soňam öz söweşjeňlik ukybyny saklamaly.

Türkmen halkynyň bäş müň ýyllyk taryhynda berkarar eden döwletleriniň Garaşsyz Türkmenistandan özgesi egri gylyjyň emri bilen hasyl bolandyr. Emma türkmen goňşusy üçin we ýagşy niýetliler üçin egri gylyjyny gynyndan çykarmagyň tarapdary bolmandyr.

Egri gylyçly ykbal bolsa biziň geçmişimizdir. Biziň peder ýörelgelerinden üzňeleşmän, şu günler çenli başy bitin halk bolup ýaşamagymyzyň girewi edermen, başarjaň pederlerimiz we olaryň işjeň ýaragy bolan egri gylyçlarydyr. Biz egri gylyja diňe şonuň üçinem buýsanmaga haklydyrys. Çünki, türkmen halky owal-ahyr halk goragynda gezenlere – uly hormat goýupdyr.

Halkymyz Watany gorap baş goýanlary aýratyn hormatlaýar. Hormatly Prezidentimiziň paýhasy bilen beýan etsek, Watan özüni goran we beýgelden gerçekleri sarpalaýar we mertebelendirýär. Çünki, söweşe gidip, Watan üçin wepat bolanlaryň ömürlerinden gyrkyp, goýup giden ömürleri – bizdiris. Gahryman pederleri sarpalamak nesilleriň mukaddes borjudyr.

Mähri bardyr bu topragyň,

Bu diýaryň mähri bardyr.

Watan üçin başyn goýan,

Pederlermiz gahrymandyr.

Aşyrmät GARLY.