Söweşlerde bir özüniň onlarça garşydaşa per bermän, ählisiniň hötdesinden
gelmegi başarandygy üçin Mahmyt ibn Memduha: «Edil guduz ýaly, golaýlaşany ujyz
sypdyranok» – diýip, başarnygyna muwapyk berlen Guduz lakamyny, taryh onuň
hemişelik adyna öwrüpdir. Duşmanyna dogumly daraýan bu gerçegiň Guduz ady onuň
Mahmyt ibn Memduh adyndan has ýörgünlidir.
Taryhda bolup geçen wakalaryň unudylýanlary-da az
däldir, ýöne welin, asla unudylmaýanlary-da kän. Taryhyň akymyny özgerden,
beýik şöhrata eýe bolan şahslaryň biri hem garadangaýtmaz, maksada okgunly,
Hakdan özge hiç kesden heder etmedik serkerde soltan Seýfeddin Guduzdyr. Guduz
ady bilen taryhda meşhur bolan ilkinji şahsdyr. Müsüriň ilkinji memluk
hökümdary Aýbeg Türkmeniň döwründe taryhy sahnada has köp peýda bolan Seýfeddin
Guduz, soňlugy bilen Memluk döwletiniň soltany bolmagy başarýar.
1257-nji ýylda (655, 4 tirkeş I) ilkinji memluk
hökümdary Aýbeg Türkmeniň wepatyndan soňra, Seýfeddin Guduzyň baştutanlygyndaky
memluklar tagta Aýbegiň on bäş ýaşly ogly Aly ibn Muyzy geçirýärler we oňa
Nureddin Aly diýen lakam dakýarlar. Müsüriň tagtyna ýaşajyk oglanyň geçendigi
sebäpli maksatlaryna gowuşmak we bähbidi paýlaşmak niýeti bilen käbir harby
serkerdeler daşarky güýçlerden kömek-goldaw hem soraýarlar. Kerek şäheriniň
emiri Mugys Omar pursatdan peýdalanyp, Müsüre bassyr iki gezek hüjüm edýär,
emma ikisinde-de synanyşygy puç bolýar. Emma Müsüriň tagtynda ýaş oglanyň
oturandygyna garamazdan, Seýfeddin Guduzyň döwlet dolandyryş işlerindäki
ussatlygy tagtyň synmagyna ýol bermeýär.
Şol wagtlar Melik Nasyryň mongol tatarlaryndan
goranmak üçin Müsürden ýardam soramagy bu howsalany has-da artdyran wakalaryň
biri bolupdyr. Ol habary getiren meşhur taryhçy alym Ibnul-Adim Müsüre gelip,
döwlet emeldarlary bilen maslahat geçirýär. Şol maslahata ýygnanan köşk
emeldarlary, döwletiň wezipeli adamlary, serkerderler ýaş soltanyň – Aýbegiň 15
ýaşly ogly Aly ibn Muyzyň özüni alyp barşyndan örän nägilediler. Çünki ýurduň
ykbaly uçudyň gyrasynda, howpuň penjesinde pelesaň urýardy. Şeýlelik bilen
1259-njy ýylda Seýfeddin Guduz Müsüriň soltany diýlip yglan edilýär. Oňa
«Muzaffar» – «Ýeňiji, ýeňiş gazanyjy» diýen lakam dakylýar. Tagta geçäýen
badyna daşarky duşmana gaýtawul bermezden ötri, döwletiň içini düzgüne
salmalydygyna Guduz düşünýär. Ol ilki bilen döwlet wezirini çalyşýar we
ugurtapyjy, ylymly, sowatly, giň düşünjeli Zeýneddin Ýakup ibn az-Zübeýri wezir
edip belleýär. Döwlet işleri birkemsiz ýola goýlandan soňra, Seýfeddin weziri
Sahyp Zeýneddine tatarlara garşy harby söweşe taýýarlyk görüp başlamagy
tabşyrýar.
Seýfeddin Guduz Melik Nasyryň hatyna-da: «Ynanç we
imandan kasam edýärin, tagtyňa dawam bolmaz, meni ileri tutsaň, isleseň, hut
özüm ýardama baraýyn, eger meniň barlygymdan birahat bolsaň, onda esgerlerimi
ýollaýyn, kimi serkerde belleseň, öz işiň» diýip, jogap beripdir.
Keýpi kellesinde, nebsi elinde – islänlerine aman
berip, islänlerini gylyçdan geçirýän, dünýäni dyza çökermek islegine berlen
mongol hökümdary Hulagu harby-söweş syýasatynyň ähli görnüşlerini-de işjeň
ulanmaga ukyply bolupdyr. Şeýdip, Damask alty asyrdan soňra Hulagunyň
emirleriniň eline geçýär. Başyny çarap bilen ilat Müsüre sygynmak üçin
göç edipdir. Mongollaryň indiki maksady Müsüri eýelemek bolupdyr. Şam bilen
Müsüriň arasynda bolsa diňe Palestina galypdyr. Ikinjiden, musulman äleminde
tatarlara howp salyp biljek güýç diňe Müsürde bar eken. Galan ýerleri, eýýäm,
tatarlaryň tabynlygyna girizilen eken. Üçünjiden, Müsüri eýelemek – Demirgazyk
Afrikany eýelemäge doly ýol açypdyr. Seýfeddin Guduzyň öňünde duran uly
meseläni taryhy çeşmeler şeýle beýan edýär:
Birinji ädim: Seýfeddin Guduz döwletiň
aňly-düşünjeli, harby tilsimlerden baş çykarýan akylly adamlaryny öz tarapyna
çekmegi başarýar. Olar bilen döwletiň ykbalyny ara alyp maslahatlaşýar.
Ikinji ädim: Seýfeddin Guduz ählumumy günä
geçişligi yglan edýär. Ol dürli jezalar ýa-da düzgün bozmalar zerarly sürgün
edilen, tussag edilen bahry memluklaryň, şeýle hem yzarlanmalar sebäpli Müsüri
mejbury terk etmeli bolan beýleki memluklaryň ählisiniň günäsini geçýär. Bahry
memluklary bilen arasyny sazlaýar. Iň esasy hem Rukneddin Beýbarsyň Guduzyň
tarapyna geçmegi onuň güýjüni has-da artdyrýar.
Üçünji ädim: şol arada Guduz ownuk-uşak Eýýuby
döwletleriniň hökümdarlary bilenem ýakyn gatnaşyklary ýola goýýar. Şeýlelikde,
Şamyň dürli sebitindäki müňlerçe harbylar Seýfeddin Guduzyň ýanyna ýygnanýar.
Dördünji ädim: Seýfeddin Guduz söweşe
girişmezinden öň Şamyň kenarýakasynda ýaşap, beýleki ýerdäki hristianlar,
tatarlaryň uýýan akymyna uýmaýan hristianlaryň hal-ýagdaýlaryny öwrenip
başlaýar. Bu hristianlar musulman medeniýetini hem öwrenip, öz medeniýetleri
bilen utgaşykly, sazlaşykly alyp barýan ekenler. Mongol-tatarlara bolan
ýigrenji we musulman medeniýetine goýýan sarpalary olary Guduzyň sözüne
eýermäge iteripdir. Netijede, Şamyň kenarýaka sebitleri Hulagunyň garşysyna
ugran musulman goşunlarynyň öz üstlerinden geçmegine hiç hili böwet
bolmajakdygyny bildiripdir.
Seýfeddin Guduz söweş taýýarlygynda gezip ýörkä,
Hulagunyň içi haýbatdyr dowuldan doly: «Biziň gylyjymyzyň zarbyndan gorkup, bu
yklymlara aralaşan memluklaryň biri Melik Muzaffar Guduz bu zatlary bilsin.
...biz Taňrynyň ýerdäki esgerleri, Taňrynyň gazabyndan ýaradyldyk. Taňry kime
gazap etse, biz onuň üstüne musallat bolýarys... Biziň gylyjymyzdan gutulan hiç
kes ýok. Haýbatymyzdan halas bolan ýok... Biz bilen uruşmak islän öküner.
Bizden aman soran gutular... » diýen ýaly kemsidiji we haýbatly sözlerden
ybarat haty gelip gowuşýar.
Emma Guduz bu hata pitiwa etmändir, üstesine gelen
çaparlary örän sowuk we ýowuz garşylapdyr. Olary tussag etdiripdir. Wagt
geçmänkä jezalandyrypdyr. Ilçilere el gatmaly däldigini Guduz gowy bilse-de,
onuň Horezm, Köneürgenç hökümdarlygy gyrgyna berlen wagtlarynda çaga aňynda
saklanan ahmyr we gazap şeýle etmäge esas berýär. Guduz olary öldürmese-de
öldürmezdi. Ýöne baran ýerlerinde towugyna tok diýilmeýän tatar çaparlary
ilçilik edebini saklaman gödek gürläp, ulumsylyk edip, soltanyň halys degnasyna
degipdir. Guduzyň bu hereketini gaharyň netijesi hasaplasa-da bolar. Emma taryh
gödegem bolsa, bu netijäniň dogrudygyna öz möhrüni eýýäm goýdy.
Mongol tatarlary bilen Horezmden tä Palestin
topraklaryna çenli bolan söweşleriň ählisinde ilaty gala ýygnap söweşmek
usulynyň ýeňlişe getirýändigini doly bilýän Seýfeddin Guduz tatarlar bilen
söweşmek üçin täze strategiýany öňe sürýär. Ol tatarlar heniz Müsüre gelmänkä,
başga bir ýerde olar bilen garpyşmagy maksada laýyk bilipdir. Şonuň üçin hem
döwletiň çäginden daşary bir ýeri saýlap alypdyr. Guduz Şamyň kenarýaka
sebitlerinde ýerleşip, şol wagt ol haçparazlaryň elinde bolan Aýn-Jalut diýen
ýeri söweşmäge amatly hasaplaýar. Guduzyň edermen serkerdesi emir Rukneddin
Beýbarsyň ýolbaşçylygyndaky memluk goşuny Palestina tarap ýola düşýär. 1260-njy
ýylyň iýul aýynda Gazzada ornaşan mongol-tatar garnizonyny ýer bilen ýegsan
edýär. Gazza söweşindäki ýeňiş musulmanlara örän güýçli täsir edipdir. Ujyz
sypyp gaçyp barýan az sanly mongol esgerlerini görüp, örän şatlanypdyr hem-de
şol wagt halklaryň arasynda meşhur bolan: «Dag daga gowşupdyr diýilse ynan,
ýöne tatarlar ýeňlipdir diýilse, ynanma» diýen dowul beriji sözleriň ýalana
çykarylyşynyň şaýady bolupdyrlar. Beýbarsyň söbügini basyp gelýän memluk
esgerlerinden düzülen esasy uly goşunyň başynda Seýfeddin Guduzyň özi durupdyr.
Aýn-Jaluta ýakyn baran soltanyň ýanyna Şam illerinden bir çapar gelipdir. Bu
çaparda Seýfeddin Guduzyň hut özüne gowşurylmaly aňtaw maglumatlary bar eken.
Habar Şam söweşinde Hulagunyň eline ýesir düşen Sarymeddin Aýbeg tarapyndan
iberilipdir. Hatda şeýle maglumatlar bar eken:
1.
Tatar
goşunlary bu gezek ýokary taýýarlykly güýjünde däl, sebäbi Hulagu ep-esli
serkerdesini we esgerini öz ýanynda alyp galdy. Şama gelen goşun heniz özüni
dürsäbem ýetişenok, şonuň üçin gorka gaplanmagyň geregi ýok.
2.
Tatar
goşunlarynyň sag ganaty çep ganatyndan has güýçli, şonuň üçin tatarlaryň sag
ganaty bilen garpyşjak çep ganatyňyzy has berkidiň.
3.
Tatar
goşunynyň düzüminde Homsyň emiri Eşref Eýýubynyň hem-de Sarymeddin Aýbegiň
ýolbaşçylygynda söweşe girjek aýratyn topar söweş başlan dessine ýeňlip, siziň
tarapyňyza geçjekdir...
Seýfeddin Guduz 1260-njy ýylyň 3-nji sentýabrynda
Aýn-Jalut diýilýän ýere gelýär. Gün dogup, jahan ýaňy ýagtylyp başlanda iki
tarap hem söweşe girýär. Tatar goşunlaryna Ketbuga serkerdelik edýär. Öz
goşunynyň san taýdan mongollardan artykdygyny bilýän soltan Guduz goşunyň
agramly bölegini baýyrlaryň aňyrsynda gizleýär. Diňe Beýbarsyň esgerleri açyk
meýdana çykarylypdyr. Bir zarbada musulman goşunlarynyň ysgynyny alyp,
derbi-dagyn etmek islän Ketbuga ähli goşunyny öňe sürüpdir. Beýbars bolsa
kem-kemden yza süýşüp, daş-töweregi baýyrlar bilen gurşalan ýere çekilýär.
Gabaw tilsimini bildirmezlik üçin şol ýerde söweşi gaýtadan güýçlendirýär.
Kellesi kemsiz gyzan Ketbuga bar güýjüni jemläp, öňe okdurylyp barşyna, duzaga
düşenini-de duýman galypdyr. Güýçli çaknyşykda memluklaryň çep ganaty
tatarlaryň zarbyna döz gelip bilmän aňtaw çaparynyň maglumatyndaky ýaly bozulyp
ugrapdyr. Şol wagt beýik soltan Seýfeddin Guduz çep ganata kömege ýetişipdir.
Ol öz esgerlerini söweşe şeýle bir ruhlandyrypdyr, hatda kellesindäki
tuwulgasyny çykaryp, ýere oklap: «Yslam üçin» diýip, uly sesi bilen gygyryp,
duşmanyň üstüne at salypdyr. Söweş meýdanynda musulmanlaryň sany mese-mälim
artyp başlaýar. Tatarlar biraz yza çekilip, gaýtadan, ikinji ýola hüjüme
geçýärler, emma bu gezek hem olar masgara bolup ýeňlipdirler. Ikinji gezekki
çaknyşykda tatarlaryň goşun serkerdeleriniň agramly bölegi gyrylýar. Tatarlaryň
ikinji çaknyşykdaky ýeňlişini gören soltan Guduz atdan inip, ýüzüni ýere goýup,
topragy öpüpdir. Iki eglim namaz okansoň, gaýtadan atlanypdyr.
Rukneddin Beýbarsyň topary bolsa galan-gaçan
tatarlary kowalap, bir menzil aşypdyr. Hiç wagt ýeňliş tagamyny datmadyk
tatarlara bu örän ýokuş degipdir. Üçünji gezek hem aýgytly hüjüme geçip,
bagtlaryny synamak isläpdirler. Üçünji gezekki söweşde olar kül-peýekun
edilipdir.
Seýfeddin Guduzyň çagalykdaky arzuwy, ynamy, gören
düýşleri, aňynda göteren hyýallary, maksatlary, yhlasy ony zamanasynyň iň zalym
kowumlaryny ýeňmäge itergi berdi. Ýogsam, döwrüň meşhur taryhçylary mongol
serkerdesi Ketbuganyň hem zabunlygy, gaýduwsyzlygy, edermenligi hakda
belleýärler. Soltan Seýfeddin bu ýeňiş bilen çäklenmändir. Heniz Damask, Homs,
Halap ýaly beýleki ýerlerde tatar goşunlary bar eken. Seýfeddin Guduz Beýbarsa
ýörite tabşyryk berip, ýeňşiň buşluk habaryny Damaska ýetirmegi we ýolugra
gabat gelen tatarlary ýok etmegi buýrupdyr. Buýrugyň kemsiz ýerine
ýetirilendigi üçin Beýbarsyň esgerleri sebitdäki ähli tatar esgerleriniň ökje
götermegine sebäp bolupdyr. Örän köp mukdardaky olja musulmanlaryň eline
geçipdir. Damaska baran Seýfeddin Guduzy halk uly söýgi we begenç bilen
garşylapdyr. Taryhçylaryň ýazmagyna görä, «Hakyky şatlygy şu ýerde duýup
bolýardy. Bu şatlygyň täsirini, lezzetini iýip-içginiň, mal-baýlygyň, wezipedir
emeldarlygyň, tagtyň tagamy bilen asla deňeşdirip bolmaýardy. Bu üýtgeşik
şatlykdy. Ýeňiji memluk goşuny Damaska girdi we täsin ýeri, ähli iş az salymyň
içinde öz-özi düzeldi gitdi. Tiz wagtda adyllyk we asudalyk Damaskyň ähli
ýerine ýaýyldy». Guduzyň bu ýerde çykaran ilkinji hökümi hiç kimiň ar-namysyna,
abraýyna el degirmezlik hakda eken. Musulmanlar, hristianlar, ýehudylar we
gaýry dinli hem-de gaýry milletden bolan adamlar biri-birini kemsitmäge,
peseltmäge haky ýokdur diýip, jar çekdirilipdir. Her kimiň öz maly, baýlygy
özüniňki bolmaly, nähaklyk bilen almak gadagan edilipdir. Şeýdip, adalat ýola
goýlupdyr. Guduz Şam bilen Müsüriň gaýtadan birigýändigini yglan edýär. On
ýyllyk üzňelikden soňra bu ikisi ýene-de bir döwlet bolup ýaşap başlaýar.
1260-njy ýylda Müsüriň, Palestinanyň, Şam sebitleriniň ähli münberlerinden
Guduzyň adyna hutba okalyp başlanmagy, ýeňiji soltanyň hökmürowanlygynyň ähli
sebitlerde ykrar edilmegi bolup ýaňlanýar.
1260-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda Şamyň işlerini
birýüzli edip, soltan Seýfeddin Guduz özüniň ýeňiji esgerleri bilen Müsüre
tarap ýola düşýär. Müsür beýik serkerde soltanyň gelerine garaşyp, toý-dabara
lybasyna bürenip, bezenip otyrdy. Emma Seýfeddin Guduzyň ölüm pillesi hem
golaýlaşyp gelýärdi. Beýle ýeňliş ýüregine sygmadyk, gursagyndaky ar almak
islegi möwjän Hulagu hem 1265-nji ýylda ýogalýar.
Bahry memluklarynyň halypasy, ýolbaşçysy
Faryseddin Aktaýyň ölümine gatnaşandygy hem-de hyşdaş memluklaryň ýurtdan
çykarylmagyna sebäp bolandygy üçin Guduzdan göwni galan Beýbars memluk
goşunynda soltanyň özünden soňra iň uly wezipede oturýardy we esasy serkerdeler
Beýbarsyň täsiri astyndady. Beýbars bu mümkinçiligi we pursady peýdalanýar.
Seýfeddin Guduz 11 aý 17 gün soltan boldy. Onuň
doly ady Mahmyt ibn Memduh bolup, ol Soltan Jelaleddin Horezmşanyň Hansoltan
atly gyz uýasynyň ogludyr. Tatarlar Horezm topraklaryny eýelänlerinde Guduz
ýesir düşüpdir we damaskly birine gul hökmünde satylypdyr. Soňra ykbal
öwrümlerine ulaşyp, Kahira (Kaire) barypdyr.
Geçmişde «men-men» diýen demi güýçli adamlaryň,
gör, näçesi ýaşap geçen hem bolsa, taryh diňe aýratyn iş edenleri ýadynda
saklaýar. Adyňy taryh sahypalarynda nagyşlamak üçin uzak ömür sürmek gerek däl,
manysy egsilmez sähel pursatlyk ömür hem ýeterlik. Seýfeddin Guduz adalatly we
sahawatly, haýyrly türkmen hökümdarlarynyň biri hökmünde ýatlanylýar. Oňa Guduz
adynyň berilmegi hem söweşde bir özi onlarça garşydaşa per bermän, ählisiniň
hötdesinden gelmegi başarandygy üçin: «Bu asla baş berenok, edil guduz ýaly,
golaýlaşany ujyz sypdyranok» – diýip, at berlensoň, başarnygyna muwapyk gelýän
lakam onuň adyna öwrülip gidipdir. Duşmanyna guduz açan ýaly daraýan bu gerçegi
taryh Guduz ady bilen tanaýar. Onuň Mahmyt ibn Memduh adyndan Guduz ady has
ýörgünlidir.
Emir Seýfeddin Guduzy tatarlara garşy söweşe
iteren esasy sebäpleriň biri hem oglan wagty gören düýşi bolupdyr. Aýdyşlaryna
görä, ol bu düýşüni öz deň-duş oglanlaryna gaýta-gaýta gürrüň berer eken.
Düýşünde Pygamber aleýhissalam oňa: «Sen Müsür diýaryna eýe bolarsyň we
tatarlary derbi-dagyn edersiň» diýen eken. «Pygamberiň sözi hak, oňa şek
ýokdur. Men ezelden ýeňiş wada berlen ýigitdirin» – diýip, Guduz ynamly we
maksatly ýaşapdyr. Seýfeddin Guduzyň gaýta-gaýta ýatlaýan bu sözleri onuň
dostlarynyň, ýaranlarynyň hem has ynamly bolmaklaryna gönezlik bolupdyr.
Şemseddin Jezeriniň «Taryh» kitabynda şeýle waka
teswirlenýär: «Men bu wakany iki sany adamdan eşitdim. Olar Abu Bekr ibn
Direýhim Esardy we Zeki Ibrahim Jebili Ustad Farys Aktaýdy. Olar şeýle gürrüň
berdiler: «Aýbeg Türkmen tagta geçende biz Seýfeddin Guduzyň ýanynda durduk.
Şol wagt magryp illerinden tanymal bir müneçjim, gurraçy geldi. Täze döwletiň täleýini
okap bermek isledi. Bu ýerde bar bolan ýaş ýigitleriň ählisini diýen ýaly ol
ýerden çykardylar. Bizem gitmek üçin ör turduk welin, ikimize oturmagy
ündediler. Soňra müneçjim guma gurra taşlap, bije çekdi. Birnäçe zatlary aýtdy.
Soňra şol ýerde Guduz: «Ussadymyzdan soňra tagta kim geçýär we tatarlary kim
ýeňýär, hany şony hem bilip ber» diýdi. Müneçjim birsalym oýurganyp, gurra
taşlap, nämedir bir zatlary hasaplap oturdy. Soňra: «Ol ady bäş harpdan ybarat
bolan we şol harplaryň hiç birinde hem nokat bolmadyk (Arap diliniň ýazuwynda
«Mahmyt» sözi bäş harpdan ybarat bolup onuň hiç birinde hem nokat ýok) adam»
diýdi. «Onda gönüläp Mahmyt ibn Memduh diýip aýdyp goýber» diýip, Guduz
dillendi. Müneçjim muňa haýran galdy: «Hakykatdan-da şeýle, maňa hut şeýle aýan
boldy, ol başga isim däl, ýöne sen ony gurra taşlaman hem nädip bildiň?» diýip
sorady. Guduz: «Ol meniň adym, bu ýeňiş maňa wada berlen, nesip bolsa,
tatarlary kül-peýekun edip, olardan daýym Jelaleddin Horezmşanyň aryny alaryn»
– diýdi. Biz: «Inşallah, hut şeýle bolar, ussat» diýdik. Soňra bu habary
ýaşyrmagy, hiç kime aýtmazlygy dilleşdik. Guduz müneçjime üç ýüz dirhem berdi».
Taryh beýik serkerde soltan Seýfeddin Guduz hakda
henizem örän köp ýatlamalary saklaýar. Nesilleriň öz eždatlaryna, ata-babalaryna
buýsanmaklary, olaryň halallygyndan, adamkärçiliginden, mertliginden,
watansöýüjiliginden görelde almaklary üçin bu wakalary hiç wagt unutmaýar.
Eýsem, bir söz bilen aýdylanda, Guduz kim? Ol adamzadyň ykbalyny oňynlyga
özgerden, beýik ýeňşi gazanan serkerde soltan Seýfeddin. Oglanlygyndan
ýüreginde göteren arzuwynyň myradyna gowşup, tatarlary derbi-dagyn edip,
olardan daýysy Jelaleddin Horezmşanyň aryny alan beýik serkerde. Aslynda-da,
tatarlary derbi-dagyn edip, olaryň gözüniň oduny alyp bilen iki sany serkerde
bar. Olar Horezmşa soltan Jelaleddin Meňburun we soltan Seýfeddin Guduzdyr.
Olar – daýy ýegendir.
Rahmet GYLYJOW,
çeşmeşynas.