milli goshun logo
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine ýolbaşçylar bellenildi
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine ýolbaşçylar bellenildi
1 gün öň 42 Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň barşynda birnäçe Karara gol çekdi. Olara laýyklykda:

Hydyrguly Atamyradowiç Kadyrow, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň okuw işleri boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy;

Şeýle-de Hydyrguly Atamyradowiç Kadyrowy Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň rektory wezipesine bellemek hakynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň çykaran karary makullanyldy;

Handurdy Şadurdyýewiç Handurdyýew, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň okuw işleri boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy hem-de ony Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň okuw işleri boýunça prorektory wezipesine bellemek hakynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň çykaran degişli karary makullanyldy.

Şeýle-de Aýmyrat Babamyrat ogly Muhammedow, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy hem-de ony Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory wezipesine bellemek hakynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň çykaran degişli karary makullanyldy.