Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün sanly ulgam arkaly
geçiren Hökümet mejlisinde «Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetini
döretmek hakynda» Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde
habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Perman esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we
telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň «Halkara senagatçylar we telekeçiler
uniwersitetini döretmek hakynda» degişli karary makullanyldy.
Şeýle-de resminamada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň:
1. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Tertipnamasynyň we
gurluşynyň kanunçylykda bellenen tertipde taýýarlanylmagyna we
tassyklanylmagyna;
2. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň bilim bermek we
işgärleri hünäre taýýarlamak işini ygtyýarlylandyrmak hem-de bilim işiniň
döwlet akkreditasiýasy amallaryny geçmegine;
3. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň taýýarlygyň ugurlary
(hünärler) boýunça okuw meýilnamalarynyň halkara ölçeglere laýyklykda
taýýarlanylmagyna hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
degişli orunbasarlaryna tassyklamaga berilmegine;
4. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine okuwa kabul etmegiň
meýilnamasynyň kanunçylykda bellenen tertipde tassyklanylmagyna;
5. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde talyplaryň okamak
üçin tölegleriniň möçberiniň kesgitlenilmegine;
6. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine 2025-2026-njy okuw
ýylyndan talyplaryň okuwa kabul edilip başlanmagyna;
7. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde sapaklary okatmak
üçin daşary ýurtlardan mugallymlaryň we hünärmenleriň bellenen tertipde
çagyrylmagynyň guralmagyna ýardam bermelidigi barada aýdylýar.