milli goshun logo
Dünýä bazarynda türkmen önümleriniň möçberi we görnüşleri artýar
Dünýä bazarynda türkmen önümleriniň möçberi we görnüşleri artýar
24.04.2019 602 Habarlar

Ministrler Kabinetiniň 19-njy aprelde bolan mejlisinde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde ýurdumyzyň söwda kuwwatyny artdyrmak boýunça taslama işlenip taýýarlanyldy. Bu taslama Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmegiň 2016 — 2020-nji ýyllar üçin Çarçuwaly Maksatnamasyna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Onda 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly esasy çäreler göz öňünde tutuldy.

Ýurdumyzdan daşary ýurtlara iberilen harytlarynyň möçberi 2019-njy ýylyň ýanwar — fewral aýlarynda 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 20,7 göterim artdy. Şunuň bilen birlikde, daşary ýurtlardan getirýän önümleriň möçberi 27 göterime golaý azaldy. Daşary söwda amallary dünýäniň 83 döwleti bilen amala aşyryldy. Esasy daşary söwda hyzmatdaşlarynyň hatarynda Hytaý, Türkiýe, Italiýa, Owganystan, BAE we beýlekiler bar.

2019-njy ýylyň ýanwar — mart aýlarynda Döwlet haryt-çig mal biržasynda umumy bahasy ABŞ-nyň 490 million 680 müň dollaryndan gowrak we 91 million 550 müň türkmen manadyna barabar bolan eksport geleşikleriniň 437-si baglaşyldy. Harytlary alyjylaryň hatarynda Beýik Britaniýanyň, Russiýanyň, Germaniýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Şweýsariýanyň, Estoniýanyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Irlandiýanyň, Belarusuň, Ermenistanyň, Kanadanyň, Pakistanyň, Ukrainanyň, Serbiýanyň, Rumyniýanyň, Maltanyň we beýlekileriň işewürleri bar.