Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy ýokary guramaçylykly geçirildi. Döwlet münberiniň täze binasynda geçirilen dabaraly harby ýörişden soň, agşamky medeni çäreler aýratyn ýatdagalyjy boldy.
Ýurdumyzyň baş meýdanyndaky dabaralar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne, mähriban Watanymyza we Garaşsyzlygymyza bagyşlanan joşgunly aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy. Halkymyzyň birnäçe döredijilik däplerini özünde jemleýän köp sanly toparlaryň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Şowhunly sazlaryň astynda asmana uzan feýerwerkler Aşgabadyň agşamky keşbine has-da öwüşgin çaýdy.
Şu ýyl ilkinji gezek dron-şüweleňi, ýagny dronly çykyşlar görkezildi. Birnäçe wagtlap dowam eden mawy giňişlikdäki owadan şekiller kalplary heýjana saldy. Hemmeleriň ünsi birgeňsi şekilleri, şöhratly sözleri emele getiren dronlarda. Olar asudalygyň, parahatçylygyň alamaty bolup, diňe bir ýöriş meýdançasyna däl, bagtyýarlyga beslenip oturan ak mermerli paýtagtymyza ýalkym saçdy. Şäheriň tämiz gijesi bilen sazlaşan owadan görnüşler bir salym jadylaýjy dünýä syýahata aýlady.
«Milli goşun».