Dynç
alyş günleriniň birinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
ýarygije kuwwatly sport awtoulagynda Garagum sährasynyň ýollarynda dowamly
menzil aşdy.
Ýeri
gelende aýtsak, milli Liderimiz bu sport awtoulagyny ogly Serdar Berdimuhamedow
bilen bilelikde, çyzgylaryň esasynda birnäçe enjamlaryny çalşyryp,
hereketlendirijisini güýçlendirip, ýörite taýýarlapdy.
Gijelerine
we gündizlerine sähranyň ajaýyp bolşy ýaly, onuň geçmesi kyn bolan ýerlerine hem
duş gelmek bolýar. Şol ýerler ürgün çägeler, duýdansyz çykýan alaňlar hem-de
beýleki böwetleri öz içine alýar. Awtomobil sporty diňe amaly tejribäni däl-de,
eýsem, nazaryýet nukdaýnazaryndan taýýarlygy hem talap edýär. Bu bolsa
sürüjiniň dürli taraplaýyn hünäriniň möhüm bölegi, ulagy dolandyrmak boýunça
ondan diňe başarnyklary däl-de, eýsem, taktiki pikirlenmegiň belli bir
endiklerini talap edýär. Çünki ýokary tizligiň barşynda köp ýagdaýlary nazara
almak, töwerekdäki ýagdaýa tiz we takyk baha bermek, dessine çözgüdi kabul
etmek hem-de çylşyrymly ýoly dowam etmegiň takyk usulyny tapmak gerek bolýar.
Milli
Liderimiziň sport awtoulagyna ussatlyk bilen erk edip, çölüň giňişlikleri bilen
okgunly menzil aşyp barýan pursatlarynda gündogar tarapdan şapak gyzaryp
başlady. Ol sähra giňişligini we onuň içi bilen okdurylyp barýan ulagyň ýoluny
ýagtylandyrdy.
Şu
pursatda milli Liderimiz kuwwatly sport awtoulagy bilen sähra giňişligi arkaly
menzil aşyp barşyna agtygy Kerimiň täze döreden sazyny diňledi. «Ýaşa
Türkmenistan, bedew bady bilen diňe öňe!» atly täze saz eseri özüniň jadyly
owazy bilen ylhamyňy joşdurýar. Belent ruha beslenen ýakymly saz sähra
giňişliginde Türkmenistanyň ösüşe tarap batly gadamlaryny, Watana bolan söýgini
hem-de halkymyzyň öz Prezidenti bilen bir bitewüligini aňladýan sena bolup
ýaňlandy.
Milli
Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garagum sährasy boýunça kuwwatly sport
awtoulagynda çylşyrymly ýollary geçip, Gün batyp, sähranyň garaňkylyga
beslenýän pursatlarynda sähranyň özboluşly künjegi bolan «Garagum ýalkymy»
diýen ýere geldi. Döwlet Baştutanymyz bu özboluşly täsinligiň daşyndan öwrüm
edip, onuň keşbini we aýratynlyklaryny synlady. Şeýle hem bu ýerde milli
Liderimiz sport ulagyny dolandyrmagyň ussatlygyny görkezdi.