24-nji
martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk
etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň Mälikguly
Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş
dabarasyna gatnaşdy.
Baş
şäherimiziň gün-günden gözelleşýän demirgazyk künjeginde ähli zerur düzümleri
bolan ajaýyp ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat amatly toplumyň gurulmagy dowam edýär.
Aşgabadyň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getiren bu ýaşaýyş
jaý toplumy ýurdumyzda «Döwlet
adam üçindir!» diýen şygary baş
ýörelge edinýän durmuş ugurly döwlet syýasatynyň üstünlikli amala
aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.