12-nji
martda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň
saýlawlaryna gatnaşyp, iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň birine ses
berdi.
Ýurdumyzyň
durmuşyndaky möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň – Türkmenistanyň Prezidentiniň
saýlawlarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi türkmen jemgyýetinde
halkara hukugynyň kadalarynyň berjaý edilýändiginiň hem-de demokratik
ýörelgeleriň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Saýlawlaryň barşynda
guralan medeni-köpçülik dabaralary bu taryhy ähmiýetli syýasy çäräniň
geçirilmegine toplumlaýyn çemeleşilýändigini görkezýär.