8-nji noýabrda ýurdumyzda Hasyl toýunyň giňden bellenilýän güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk wideomaslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň käbir netijeleri jemlenildi.
Dabaraly çärä ýurdumyzyň her welaýatyndan çagalar hem gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz Ahal, Balkan, Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlarynyň häkimlerinden ýurdumyzyň ekerançylarynyň pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilendigi barada hasabatlary kabul etdi.
Welaýatlaryň häkimleri oba zähmetkeşleriniň adyndan milli Liderimizi daýhanlaryň gazanan uly zähmet üstünligi bilen gutladylar.
«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda merdana daýhanlarymyz özleri barada edilýän alada iş bilen jogap berip, Watan harmanyna «ak altynyň» 1 million 250 müň tonnadan gowragyny tabşyrdylar. Olar şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirip, ýetişdirilen pagtany soňky übtügine çenli ýygnap almak üçin batly depginler bilen zähmet çekmegi dowam edýärler.