Düýn – 5-nji fewralda paýtagtymyzda
Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy
geçirildi. Bu waka mynasybetli dostlukly döwletiň wekilçilikli topary ýurdumyza
geldi. Onuň düzüminde ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylary we işgärleri, aýdym-saz,
tans sungatynyň ussatlary, akrobatlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň
wekilleri — «Ženmin Žibao» gazetiniň, «Sinhua» habarlar agentliginiň
žurnalistleri bar.
Hytaý Halk Respublikasynyň
Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy mynasybetli Döwlet
medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüne dostlukly ýurduň sungatynyň köp sanly
muşdaklary ýygnandylar. Dabarada çykyş edenler döwletlerimiziň Beýik Ýüpek
ýolunyň galkynan döwründen gaýdýan köpasyrlyk dostluk we düşünişmek
ýörelgelerine berk ygrarlydyklaryny tassyklamak bilen, netijeli hyzmatdaşlygy
okgunly ösdürmek üçin anyk çäreleriň durmuşa geçirilýändigini bellediler.
Şeýlelikde, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň üstünlikli tamamlanan maksatnamasy döwletara hyzmatdaşlygyň we halklarymyzyň dostlukly gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda medeni diplomatiýanyň eýeleýän ornunyň barha artýandygyny görkezdi.