Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda şahyr-filosof hem-de görnükli döwlet işgäri Zahiriddin Muhammad Baburyň doglan gününiň 538 ýyllygyna bagyşlanan onlaýn-duşuşyk geçirildi. Onuň döredijilik mirasy dünýä edebiýatynyň gaznasyna girdi.
Duşuşyga iki ýurduň diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, professor-mugallymlary hem-de talyplary, habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.
Şu günki wideoduşuşyk doganlyk türkmen-özbek gatnaşyklaryny berkitmekde hem-de iki ýurduň taryhy-medeni baýlygyny bilelikde öwrenmekde möhüm ädim bolar.
Duşuşyga gatnaşyjylar şahyr Zahiriddin Muhammad Babur barada aýtmak bilen, onuň mirasynyň diňe türki halklar üçin däl-de, eýsem, tutuş adamzat üçin uly ähmiýete eýedigini bellediler. Onuň pikirdeşleri, beýik türkmen şahyrlary we döwlet işgärleri Baýram han we onuň ogly Abdyrahym han Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky dostlugyň we doganlygyň nyşany bolup durýar.