milli goshun logo
«Derýaplastik» HJ elektrik suw gyzdyryjylary çykarmagy özleşdirdi
«Derýaplastik» HJ elektrik suw gyzdyryjylary çykarmagy özleşdirdi
31.03.2021 1039 Habarlar

«Derýaplastik»  hojalyk jemgyýeti elektrik boýlerleriň önümçiligini özleşdirdi. Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda  jaşaýyş jaýlary üçin suw gyzdyryjylaryň 400 müňüsini çykarmaga niýetlenen kärhana işe girizildi. Önümçilik sehlerinde ýokary tehnologiýaly enjamlaryň kyrkdan gowragy oturdyldy.

Hojalyk jemgyýetiniň täze önümi bäş ýyllyk kepillik bilen çykarylýar we daşary ýurtlaryňkydan iki esse arzan. Häzirki wagtda kärhanada 15 litrden 150 litre çenli boýlerleri çykarmak  özleşdirildi. Telekeçiler önüm bilen içerki bazary doldurmagy we onuň eksport mümkinçiligini giňeltmegi maksat edinýärler. Zawodyň kuwwatlylygy ýylda daşary ýurtlara 200 müň boýler ibermäge mümkinçilik berýär. Şu ýyl alýuminiý radiatorlary çykarmak hem özleşdiriler.