«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň we Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleriniň gatnaşmagynda nobatdaky iki günlük okuw maslahaty geçirildi. Maslahat gämileriň we deňiz menzilleriniň desgalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky meselä bagyşlandy.
Çäre «Deňiz goragy, howpsuzlygy we Gara deňiz hem-de Hazar deňzi sebitleriniň daşky gurşawyny goramak» (BCSEA) taslamasynyň çäklerinde guraldy. Ol Ýewropa Bileleşiginiň maliýe taýdan goldaw bermeginde Ýewropanyň deňiz howpsuzlygy agentligi (EMSA) tarapyndan durmuşa geçirilýär.
Onlaýn duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi Ýewraziýanyň möhüm üstaşyr-ulag halkasy derejesiniň barha pugtalandyrylmagyny şertlendirýär.