19-njy oktýabrda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde wideomaslahat görnüşinde Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Halkara pul gaznasynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi. Gün tertibinde ykdysadyýeti pandemiýadan soň dikeltmäge goldaw bermekde hususy maliýeleşdirmegi çekmegiň meselelerine garaldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar ykdysadyýeti dikeltmäge goldaw bermekde maliýeleşdirmegiň hususy çeşmelerini ösdürmäge gönükdirilen özgertmeleriň wajypdygyny belläp, hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidilmeginiň zerurdygyny nygtadylar.
***
Şeýle-de, şol gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde göni aragatnaşyk arkaly Halkara pul gaznasynyň «Sebit ykdysadyýetini ösdürmegiň mümkinçilikleri: Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa» atly tanyşdyryş çäresi boldy.
HPG-niň wekilleriniň belleýşi ýaly, esasy pudaklary ýeterlik serişdeler bilen üpjün etmek hem-de goldaw bermek maksatnamasynyň ugurlaryny dogry kesgitlemek ilkinji nobatdaky wezipeler bolup durýar. Ýakyn geljekde iş orunlaryny saklamak, kompaniýalara we öý hojalyklaryna maliýe goldawyny bermek, üpjünçiligi pes adamlary goramak hem-de ykdysadyýeti dikeltmek üçin hereket etmegiň jikme-jik meýilnamasyny döretmek çärelerini dowam etmegiň zerurdygy nygtaldy.