30-njy sentýabrda DIM-nde wideomaslahat görnüşinde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça baş direktory (ÝUNESKO) hanym Odri Azulaý bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, halkymyzyň maddy däl medeni-taryhy mirasyny gorap saklamak ulgamy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň biridir. ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna ozal Türkmenistanyň möhüm medeni gymmatlyklarynyň girizilendigini bellemek gerek.
Şunuň bilen baglylykda, taraplar atlaryň ahalteke tohumyny hem-de itleriň iň gadymy görnüşleriniň biri bolan alabaýlary gorap saklamagyň ähmiýetini nygtadylar. Şolaryň wagyz edilmegi dünýä derejesindäki medeni mirasy gorap saklamak nukdaýnazaryndan möhümdir.
Şeýle hem türkmen tarapynyň wekilleri ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň ulgamyna goşulmaga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdiler. Bu bolsa medeniýetara gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga ýardam etmäge gönükdirilendir.