5-nji oktýabrda ýurdumyzyň Mejlisinde Päkistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň başlygy Muhammad Sadyk Sanjrani bilen onlaýn duşuşyk geçirildi. Onda parlamentleriň derejesindäki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söhbetdeşler netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň we uly geljegiň bardygyny belläp, iki ýurduň kanunçykaryjy edaralarynyň derejesindäki aragatnaşyklaryň ösdürilmeginiň türkmen-päkistan hyzmatdaşlygynyň möhüm ugrudygyny nygtadylar.
Şeýle hem taraplar halkara derejede, şol sanda Parlamentara birleşigiň çäklerinde özara gatnaşyklaryň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Türkmenistan Watanymyzyň Garaşsyzlygyny ykrar eden we ýurdumyza hemişelik Bitaraplyk derejesiniň berilmegi üçin ses beren ilkinji döwletleriň biri bolan Päkistanyň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň belent münberinden öňe süren başlangyçlaryny işjeň goldaýandygyna ýokary baha berýär.
Söhbetdeşler türkmen-päkistan hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen, onuň möhüm ugry bolan parlamentara gatnaşyklary yzygiderli dowam etmek barada ylalaşdylar.