1-nji oktýabrda Iki dostlukly ýurduň Söwda-senagat edaralary tarapyndan guralan «Türkmenistan-Belarus: ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary» atly onlaýn-duşuşygynda türkmen-belarus gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary, eksport harytlary we hyzmatlary ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu çärä ýurdumyzyň iri ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Belarus Respublikasyndan 80-e golaý kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Taraplaryň umumy pikirine görä, bu wideoduşuşyk berk işewür we däp bolan dostluk gatnaşyklar arkaly baglanyşýan Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerini ýene bir ýola görkezdi.