Germaniýanyň «Commerzbank» bankynyň Lýuksemburg Beýik Gersoglygyndaky şahamçasynyň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşygyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyga Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Merkezi bankyň hem-de Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň wekilleri gatnaşdylar.
Ýewropanyň iri bank konserniniň wekilleri tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň durnukly ösüşinde Türkmenistanyň eýeleýän möhüm ornuny nygtap, Türkmenistanyň gülläp ösüş we rowaçlyk ýoly bilen has-da üstünlikli öňe ilerlemegini gazanmak maksadynda «Commerzbankyň» däp bolan netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardygyny aýtdylar.