Eýran Yslam Respublikasynyň Söwda, senagat, magdanlar we oba hojalyk edarasynyň ýolbaşçylary bilen wideomaslahat görnüşinde duşuşyk geçirilip, onda esasan milli ösüş meýilnamalar nazara alnyp, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Onlaýn-duşuşyga gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň bar bolan ägirt uly kuwwatyny has doly peýdalanmagyň hem-de onuň amala aşyrylmagyna ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk ulgamynyň wekillerini işjeň çekmegiň zerurdygyny bellediler.
Şunuň bilen baglylykda, taraplar özara hormat goýmak hem-de ikitaraplaýyn bähbitlilik ýörelgelerinde mundan beýläk-de netijeli gatnaşyk etmek maksady bilen, bilelikdäki şertleri döretmäge çemeleşmeleri işläp taýýarlamak üçin şunuň ýaly işewür duşuşyklary yzygiderli geçirmegiň wajypdygyny nygtadylar.