2-nji oktýabrda wideomaslahat görnüşinde ýurdumyzyň dürli edaralarynyň we kärhanalarynyň wekilleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça (UNESKO) bilermenleri bilen iş duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürliligini goramak we höweslendirmek hakyndaky Konwensiýa hem-de oňa Türkmenistanyň goşulyşmagy baradaky meselelere garaldy.
Bu iş maslahaty maslahat beriş häsiýetli bolup, ýakynda, 30-njy sentýabrda DIM-de UNESKO-nyň Baş sekretary hanym Odri Azulaý bilen geçirilen onlaýn gepleşikleriň dowamyna öwrüldi.
Bu gezek ady agzalan Konwensiýanyň köptaraply ähmiýeti nazara alnyp, ýurdumyza Medeniýet ministrligi, Döwlet habarlar agentligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Ylymlar akademiýasy we Bilim ministrligi, Adalat ministrligi we Adalatçynyň diwany ýaly döwlet edaralary wekilçilik etdi.