Şu gün Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) wekilleri bilen geçirilen wideoduşuşygyň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek we onuň geljegi bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Duşuşyga Maliýe we ykdysadyýet ministrlgiiniň, «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, ÝTÖB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy gatnaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar geljekki gatnaşyklaryň çäklerinde göz öňünde tutulan meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda, ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizde amala aşyrylýan özgertmeler bilen baglylykda, gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.