25-nji noýabrda onlaýn görnüşde geçirilen «Merkezi Aziýa — Koreýa» nobatdaky hyzmatdaşlyk forumynda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ekologiýa meselesi boýunça Türkmenistanyň eýeleýän ýörelgesini beýan etdi.
***
Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde onlaýn görnüşde halkara düzümleriň gatnaşmagynda çäreleriň birnäçesi boldy.
Olaryň biri COVID-19-yň ýaýramagy sebäpli, ýüze çykyp biläýjek durmuş-ykdysady meseleler boýunça BMG-niň edaralary bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasyndaky bilelikdäki iş toparynyň nobatdaky 4-nji mejlisidir. Duşuşyga milli parlamentiň, Adalatçynyň diwanynyň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, BMG-niň ýurdumyzda işleýän edaralarynyň, abraýly maliýe edaralarynyň (Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky) hem-de jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Gün tertibine «Türkmenistanda ýiti ýokanç keseliniň pandemiýasyna garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň meýilnamasynyň» durmuşa geçirilişiniň barşyny ara alyp maslahatlaşmak baradaky mesele çykaryldy.
***
Şeýle-de, şol gün Ýewropa Bileleşiginiň «Türkmenistanda oba hojalygyň we oba ýerleriň durnukly ösüşine goldaw — (SARD III)» atly taslamasynyň çäklerinde «Ýyladyşhanalarda gök önümleri ösdürip ýetişdirmek hem-de ýyladyşhana hojalygyny dolandyrmagyň esasy ugurlary» diýen mesele boýunça onlaýn maslahat geçirildi.