Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri BMG-niň Interneti dolandyrmak boýunça forumynyň (IGF) her ýyl geçirilýän maslahatynyň çäklerinde şu günler wideoaragatnaşyk görnüşinde geçirilýän «Parlament tegelek» stoluna gatnaşdylar. Şu ýyl onuň on bäşinji maslahaty boldy.
IGF — 2020 Parlamentara birleşigi bilen hyzmatdaşlykda guralan çärä adamlaryň durmuş we abadançylyk şertlerini, hususan-da, COVID-19 döwründe ynamy pugtalandyrmak hem-de ondan soňra dikeltmek usullary arkaly gowulandyrmakda internet tehnologiýalarynyň ornuny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, dünýäniň ähli künjeklerinden parlament agzalary ýygnandylar.
* * *
Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynda (ÝHHG) geçirilen okuw maslahatynda Türkmenistanda sanly habar beriş serişdelerini kämilleşdirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Webinara gatnaşmaga Daşary işler ministrliginiň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH), ýurdumyzyň gazetleriniň we žurnallarynyň redaksiýalarynyň wekilleri çagyryldy.