7-nji dekabrda Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa sebit ykdysady hyzmatdaşlygy (MASYH) Maksatnamasynyň agza ýurtlarynyň onlaýn görnüşinde geçirilen 19-njy ministrler maslahatyna gatnaşdy.
Forumyň barşynda şu ýyl MASYH-da başlyklyk edýän ýurduň – Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň ýörite haty, Aziýa ösüş bankynyň prezidentiniň çykyşy hem-de Bütindünýä bankynyň beýannamasy diňlenildi.
Maslahatyň gün tertibine ykdysady durnuklylygy we ösüşi, ilatyň iş bilen üpjünçiligini hem-de iş orunlarynyň döredilmegini dikeltmek, pandemiýadan soňky döwürde MASYH-yň agza ýurtlarynyň makroykdysady mümkinçilikleri ýaly meseleler girizildi.
Wideomaslahata gatnaşyjylaryň garamagyna we tassyklamagyna esasy hasabat resminamalary hökmünde MASYH-yň syýahatçylyk, gender meseleleri babatyndaky baş ugry hem-de bu maksatnamanyň 2030-njy ýyla çenli niýetlenen netijeleriniň matrisasy hödürlenildi.