Geçen
hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda
geleşikleriň 63-si hasaba alyndy.
Daşary
ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkiýäniň telekeçileri
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen
awtobenzini satyn aldylar. Seýdiniňnebiti gaýtadan işleýän zawodynda hem-de
«Türkmengaz» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen
suwuklandyrylan gaz Türkiýäniň, Bolgariýanyň, Owganystanyň we Özbegistanyň
telekeçileriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.
Daşary
ýurt puluna Russiýanyň işewür toparlarynyň wekillerine tekiz boýalan we žakkard
tüýjümek önümler, nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi
bahasy ABŞ-nyň 24 million 304 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň
işewürleri içerki bazar üçin Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar
toplumynda öndürilen polipropileni, polipropilen plýonkasynyň granulýatyny we
aglomeratyny, gyzdyrylan nebit koksuny, «Türkmenaglomerat» kondisiýasyz
polipropileni, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary
dykyzlykdaky polietileni, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň
jemi bahasy 45 million 547 müň manatdan gowrak boldy.