1-nji oktýabrda Daşary işler ministrliginde geçirilen metbugat maslahaty Halk Maslahatynyň 25-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen mejlisinde kabul edilen taryhy çözgütlere bagyşlandy.
Duşuşyga daşary syýasat edarasynyň, dürli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, ýerli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köpsanly wekilleri gatnaşdylar.
Çykyşlarda wekilçilikli forumyň ýurdumyzda parlamentarizmiň taryhynda täze tapgyryň bolandygy nygtaldy. Forumda iki palataly parlamenti döretmek hakyndaky çözgüt kabul edildi. Maslahata gatnaşyjylar Milli parlamentiň hil taýdan täze iki palataly düzüminiň döredilmeginiň Garaşsyz Türkmenistanyň syýasy ösüşiniň hukuk esasyny pugtalandyrmak, döwlet häkimiýetiniň edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de raýat jemgyýetini mundan beýläk-de berkitmek üçin amatly şertleri döretjekdigine ynam bildirdiler.