Ozal habar berişimiz ýaly, şu gün Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli
guralan hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogyny almak ugrundaky
ýaryşyň finaly Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Watançy» hokkeý topary
bilen Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» hokkeý toparynyň
arasynda boldy. Çekeleşikli geçen final 9:6 hasaby bilen «Galkanyň» peýdasyna
tamamlandy. Ýurdumyzyň hokkeý boýunça milli ýygyndysynyň ezber hokkeýçileriniň
aglabasynyň «Galkan» hokkeý toparynda jemlenendigini nazara alsak, onda bu
ýagdaý «Watançy» hokkeý topary üçin uly üstünlikdir.
Kubok ugrunda ýurdumyzyň 6 sany hokkeý topary öz başarnygyny orta goýdy.
Turuwbaşdan ajaýyp oýny bilen ünsleri özüne çeken «Watançy» ýarym finalda
garşydaşy «Nesil» hokkeý toparyny 12:3 hasabynda ýeňmegi başardy. Finalda bolsa
ujypsyzja säwlikler zerarly «Galkandan» asgyn geldi. Şunlukda, «Galkan» kubogyň
eýesi, «Watançy» arzyly 2-nji ýere, «Nesil» bolsa 3-nji ýere mynasyp boldular.
Şeýle kubok ýaryşlarynyň sportuň dürli görnüşlerinde ýygy-ýygydan geçirilip durulmagy hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň sporty ösdürmek babatyndaky üznüksiz aladalarynyň beýanydyr. Bu ýaryşlaryň netijesinde türkmen hokkeýçileri has-da kämilleşip, halkara ýaryşlarynda hem üstünlikli çykyş edip, abraýly orunlary eýelejekdiklerine ynanýarys!
«Milli goşun»