milli goshun logo
«Business Central Asia» žurnalynyň martdaky sany Nowruz däpleri we onuň häzirki güni barada gürrüň berýär
«Business Central Asia» žurnalynyň martdaky sany Nowruz däpleri we onuň häzirki güni barada gürrüň berýär
22.03.2021 927 Habarlar

Hindistanda Merkezi Aziýa sebitiniň we onuň çäklerinden daşarda bolup geçýän wakalary beýan edýän halkara  «Business Central Asia» žurnalynyň nobatdaky sany çap edildi. Neşiriň martdaky sany Halkara Nowruz gününe bagyşlanypdyr.

Dürli suratlar bilen bezelen makalalarda  dowamatlylygy, dürli ýurltlaryň halklarynyň özboluşly köpasyrlyk däp-dessurlaryny ösünde jemleýän bu gadymy baýramyň bellenilişi beýan edilýär.

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň goldamagynda žurnalyň bu sanynda Nowruzyň ýurdumyzda belleniliş ýörelgeleri barada gürrüň berýän, şeýle hem türkmen halkynyň özboluşly ruhy-taryhy mirasy we medeni-estetik gymmatlyklary  bilen tanyşdyrýan makalalar ýerleşdirilipdir.