03.06.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Bu toprak mukaddes / Baýly Baýlyýew
Bu toprak mukaddes / Baýly Baýlyýew
18.01.2020 1154 Bäsleşik

Türkmen ogly buýsan türkmenligiňe,
Hydyr gezen bu topraklar mukaddes.

Kölleri, çölleri, kaşaň daglary,

Bu topraga ýagan damja mukaddes.

Gyşy-gyşlar, ýazy elwan açylar,

Tomuslary dürli nagma saçylar,

Göwüň joşa geler, güýzün geçirer,

Bu topragyň her bir güni mukaddes.

Nusga bolup bütin dünýä namysy,

Edep mekdebidir baran hanasy,

Goýnunda ýetişer türkmen balasy,

Bu topragyň eneleri mukaddes.

Nije merdanalaň gezen ýerleri,

Şir kimin döşlerin geren ýerleri,

Duşmana dat günüň bolan ýerleri,

Bu topragyň pederleri mukaddes.

Bu topraklar Taňryň bize sowgady,

Saklamak borjumyz ezizläp ony,

Gözüň göreji deý gorarys seni,

Seň topragyň her seresi mukaddes.

 Baýly Baýlyýew,

Harby gullukçy, uly leýtenant.