15.08.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Bu meýdan / Maksat Hudaýberdiýew
Bu meýdan / Maksat Hudaýberdiýew
08.01.2020 9047 Bäsleşik

Nijeme han-begleň tarypy ýatyr,

Pähimdar danasy, aryfy ýatyr,

Tutuş bir milletiň taryhy ýatyr,

Baksaň, bagryň dilip gider bu meýdan.

Munda ýol almandyr begler berimden.

Betpäle jaý berseň tug deý seriňden,

Kyýamat gopdurar, sarsar ýerinden,

Är deý ömrüň sürüp gider bu meýdan.

Il ogluna söweş dony gyt zaman,

Däl bu toprak öz päline betgüman.

Ýow gelende egbarlaman, bytnaman,

Bile aglap, gülüp gider bu meýdan.

Ili gozgamaýan dert nä dertmidir?!

Ili gozgamaýan şert nä şertmidir?!

...Sen ýaşaber, namartlygyň, mertligiň,

Iň soňunda bilip gider bu meýdan.

Maksat HUDAÝBERDIÝEW,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.