BMG-niň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) ýerine
ýetiriji direktory Natalia Kanem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň adyna hat iberdi. Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm
düzüminiň ýolbaşçysy öz hatynda COVID — 19 pandemiýasy zerarly şu ýylyň başyna
meýilleşdirilen Türkmenistana saparyny gaýra goýmaga mejbur bolandygyny hem-de
ýakyn wagtlarda ýurdumyza gelip görmäge umyt edýändigini beýan etdi.
Türkmenistan enäniň ölümi we kesellemegi
babatynda soňky alnan netijeler bilen baglylykda, Ilat gaznasynyň baştutanyny
gyzyklandyrdy, şol netijeler boýunça görkezijiler Gündogar Ýewropa we Merkezi
Aziýa sebitinde iň pes görkezijilerdir.
Natalia Kanem milli saglygy goraýyş
syýasatynyň hem-de Türkmenistanyň we BMG-niň Ilat gaznasynyň arasynda 2016 —
2020-nji ýyllar üçin bilelikdäki ýurt boýunça maksatnamasynyň çäklerinde
Türkmenistanyň Hökümetiniň ilatyň saglygynyň berkidilmegine gönükdirilen
çäreleriniň netijeli häsiýetini aýratyn belledi. Hanym Kanem pandemiýa
şertlerinde bu ulgama ýokary derejede üns berilmeginiň we uly möçberli maýa
goýumlarynyň goýberilmeginiň dogrudygyny belleýär.