Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri bolan Nýu-Ýork şäherinden ýurdumyza hoş habar gelip gowuşdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçirilen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde bitaraplyk syýasaty we onuň orny» atly Halkara maslahatynyň Jemleýji resminamasy BMG-niň alty resmi dilinde çap edildi hem-de agza döwletleriň arasynda resmi taýdan ýaýradyldy.
Halkara diplomatiýasynda onuň «Aşgabat jemleýji resminamasy» diýlip atlandyrylandygyny bellemeli. Bu barada BMG-niň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasy habar berdi.
Şeýlelikde,Türkmenistan bilen BMG-niň ýygjam hyzmatdaşlygyna täze itergi berildi. Munuň özi, ilkinji nobatda, milli Liderimiziň wajyp halkara başlangyçlarynyň durmuşa geçirilýändigini aňladýar.