Myrat Garryýew
adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby-lukmançylyk
fakultetinde Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 24 ýyllygy
mynasybetli «Bitaraplyk ýörelgämiz
– dünýä nusga göreldämiz» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahata uniwersitetiň professor mugallymlary, Harby-lukmançylyk fakultetiniň
harby talyplary gatnaşdylar.
Maslahatda
hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan
Watanymyzyň sebitde we dünýäde okgunly ösüşi üçin amala aşyrýan beýik işleri,
abraýly halkara guramalarynyň, öňi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň
jogapkär hem-de ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýandygy dogrusynda nygtap
geçildi.
Bitaraplyk türkmen halkyna parahat,
asuda, eşretli hem-de gülläp ösýän durmuşy berdi. Bitaraplyk
Garaşsyzlygymyzyň parasatly taglymatlaryny durmuşa geçirmekde ygtybarly
kepillik bolup hyzmat edýär. Garaşsyzlyk bilen birlikde Bitaraplyk biziň ähli
üstünliklerimiziň esasy we mizemez daýanjydyr. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda
amala aşyrylýan döwletli işleriniň ählisiniň gözbaşynda durandyr.
Hut şonuň üçin
hem hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan ýörelgelere baky
ygrarly Türkmenistanyň parahatçylygy goramaga we berkitmäge gönükdirilen daşary
syýasatynda birek-birege bolan hormatyň, ynamyň, deň hukuklylygyň, goňşuçylygyň
we dostlugyň üýtgewsiz ýörelgeleri esasynda dünýäniň ähli döwletleri bilen oňyn
hyzmatdaşlygy amala aşyrylýandygyny maslahatda çykyş edenler bellediler.
Ylmy-amaly
maslahatyň dowamynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň «Melhem» aýdym-saz toparynyň çykyşlaryna orun berildi.
Muhammetnazar
NURNAZAROW,
Myrat Garryýew
adyndaky TDLU-nyň Harby-lukmançylyk fakultetiniň başlygy,
lukmançylyk gullugynyň maýory.