milli goshun logo
Bitaraplyk – ýaş watandaşlarymyzyň gözi bilen
Bitaraplyk – ýaş watandaşlarymyzyň gözi bilen
15.01.2020 2451 Habarlar

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň şeýle-de, Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň bilelikde gurnamagynda «Türkmenistan – Bitaraplygyň dosty» atly okuwçylaryň döredijilik sergisiniň açylyş dabarasy boldy.

Ýaş watandaşlarymyzyň döredijilik tagallalaryny goldamak maksady bilen serginiň açylşyna belli sungat işgärleri, akademiýanyň mugallymlarydyr talyplary hem-de hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Ýurdumyzda 2020-nji «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylyna bagyşlanyp gurnalan çärede Bitaraplyk, parahatçylyk, watançylyk ýaly «ulularyň» düşünjelerine ýaş watandaşlarymyzyň garaýyşlaryny görkezýän işler köpçülige hödürlendi. Çeperçilik mekdepleriniň okuwçylarynyň akýürekliligi we halallygy olaryň işlerinde düýpli sosial özgertmeleriň netijelerini, edermen halkymyzyň parahat we asuda durmuşyny görmäge mümkinçilik berýär.

Ýaş watançylar öz işlerinde ak mermer paýtagtymyzyň we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň beýik binalaryny, gözel türkmen tebigatynda dynç alýan bagtly maşgalalary, däp-dessurlarymyz boýunça geçirilýän owadan milli baýramçylyklarymyzy suratlandyrdylar. Şol sanda sergide çagalaryň nakgaşçylyk, heýkel, keramika, gobelen, zergärçilik hünäri boýunça ýerine ýetiren taslamalaryna orun berlen.

Şeýle sergä tomaşa edenimizde ýaş nesliň dünýägaraýyşlarynyň giňligini, düşünje güýjüniň päkligini, hyýallarynyň önjeýliligini görmek bolýar. Taslamalardaky ýagty reňkler, keşpleriň ýüzündäki şatlyk, arassa ýerine ýetiriliş usuly muny aýdyň tassyklaýar.

– Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýy ýurdumyzda çeperçilik sungatynyň özboluşly ojagy bolup durýar. Bärde öz işlerini görkezmek – ussat suratkeşler üçin hem uly şowlulykdyr. Çagalar üçin bolsa bu öz zehinlerini görkezmek, tejribeli halypalar we akademiýanyň talyplary bilen tanyşmak üçin uly mümkinçilik. Olar çagalaryň işlerine mynasyp baha berip, öz tejribelerini öwretjekdiklerine we zehinlerini açmaga kömek etjekdiklerine men ynanýaryn – diýip, Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň direktorynyň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Ýazmyrat Pirgulyýew aýtdy.

 «Milli goşun».