Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet
meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli
toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
käbir orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň
ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň dowamynda BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň
çäklerindäki özara gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyna garaldy.
Mejlisde hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda,
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň şu ýylyň ýanwar —
sentýabr aýlarynda alyp baran işleriniň jemleri we 2025-nji ýyl üçin
meýilnamada bellenen wezipeler baradaky maglumatlar diňlenildi. Şunuň bilen
baglylykda, hasabat döwründe ÝUNESKO-nyň hem-de onuň sebit düzümleriniň
wekilleri bilen sanly ulgam arkaly duşuşyklaryň, geňeşmeleriň onlarçasynyň
geçirilendigi bellenildi. Olaryň dowamynda ylym, bilim, medeniýet, ekologiýa
ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna garaldy. ÝUNESKO we
onuň Almaty şäherinde ýerleşýän sebitleýin edarasy tarapyndan geçirilen halkara
hem-de sebit maslahatlaryna, okuw maslahatlaryna gatnaşmak üçin daşary ýurtlara
saparlar guraldy.
ÝUNESKO-nyň Geoseýilgähler boýunça maksatnamasynyň
çäklerinde tebigy we medeni ýadygärlikleri, halkara geologik ähmiýetli
landşaftlary öz içine alýan geoseýilgähleri döretmek babatda alnyp barylýan
işler barada hasabat mejlisiň gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri boldy.
Geoseýilgähler milli we sebit kanunçylygynyň çäklerinde
goralmaly halkara geologik ähmiýetli obýektlerdir landşaftlary öz içine alýan
birleşen geografik zolaklardyr. Olaryň esasy maksady sebitiň geologik hem-de
geologik däl mirasyny goramakdan, olary ylmy we syýahatçylygy ösdürmek üçin
meýdança hökmünde ulanmakdan ybaratdyr. Olar ýerli landşaftyň taryhyny, daşky
keşbini açyp görkezýär we adam bilen tebigatyň arasyndaky, şeýle hem adamzat
jemgyýetiniň içindäki özara gatnaşygy üpjün edýär.
Mejlise gatnaşyjylara geoseýilgähleri döretmek işiniň
yzygiderliligi, bu ugurda halkara tejribeler we gurama tarapyndan edilýän
talaplar barada maglumat berildi. Türkmenistanda şeýle obýektiň döredilmegi
milli tebigy mirasy gorap saklamakda, ekosyýahatçylygy ösdürmekde möhüm ädim
bolar. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanda geoseýilgähi döretmegiň we ony
ÝUNESKO-nyň Ählumumy geoseýilgähler toruna girizmegiň mümkinçilikleri ara alnyp
maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň geoseýilgählerini döretmek meselesi
öwrenilýär. Ýurdumyzda özboluşly geologik obýektler bar. Şunda Garabogaz
aýlagynyň günorta-gündogar kenaryndaky kanýonlar aýratyn gyzyklanma döredýär.
Mundan başga-da, läbik wulkanlar bolup, olar halkara ähmiýetli geologik miras
derejesine eýedir. Bu sebitlerde geoseýilgähleriň döredilmegi diňe bir tebigy
baýlyklary goramak bilen çäklenmän, eýsem, ýerli ykdysadyýeti goldamak, täze iş
orunlaryny döretmek, ekosyýahatçylygy ösdürmek, sebitiň geologik mirasynyň
ähmiýeti barada ilatyň bilimini artdyrmak babatda-da wajyp ähmiýete eýe bolar.
Türkmenistanda hereket edýän ÝUNESKO klublarynyň alyp
barýan işi ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky
mejlisinde garalan aýratyn mowzuklaryň biri boldy. Mälim bolşy ýaly,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda,
Türkmen oba hojalyk institutynda, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet
lukmançylyk uniwersitetinde, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynda, degişlilikde, «Parahatçylygyň dilleri», «Parahatçylygyň
medeniýeti», «Daşky gurşawy goramak — durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy»,
«Dermanlyk ösümliklerimiz — saglygymyz, mirasymyz», «Ahalteke atlary —
parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klublary hereket edýär. 2025-nji ýylyň
5-nji aprelinde bolsa Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde
«Parahatçylyk we ynanyşmak — ynsanperwerligiň we ösüşiň binýady» atly altynjy
klub açyldy.
Şeýle-de 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň
30 ýyllygy mynasybetli çäreleri geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň dowamynda ÝUNESKO-nyň iri düzümlerinde
ýurdumyzyň ornuny pugtalandyrmak, halkara ylmy gatnaşyklary giňeltmek, sanly
taslamalarda hyzmatdaşlygyň hem-de maglumatlary alyşmagyň mümkinçilikleri ýaly
möhüm wezipelere garaldy, guramaçylyk we beýleki meseleler ara alnyp
maslahatlaşyldy.